Özbegistan ABŞ raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Noý 4, 2025 - 08:44
Özbegistan ABŞ raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Özbegistan 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ABŞ-nyň raýatlary üçin wizasyz syýahat düzgünini girizýär.

Bu barada Report agentligi ýerli metbugata salgylanyp habar berýär. Berlen maglumata görä, “2025–2026-njy ýyllarda syýahatçylaryň akymyny ep-esli artdyrmak, syýahatçylyk hyzmatlarynyň möçberini çalt giňeltmek hem-de syýahatyň ykdysadyýetdäki ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmak çäreleri barada” atly degişli karara Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi.

Resminama görä, amerikaly raýatlar ýurduň çäginde wizasyz ýagdaýda 30 güne çenli bolmaga hukukly bolarlar.

Beýannamada bu ädimiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine, syýahatçylyk alyş-çalyşynyň ösdürilmegine we Özbegistanyň açyk hem myhmançylykly ýurt hökmünde halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendigi bellenilýär.

Mundan ozal habar berlişine görä, Şawkat Mirziýoýew bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp indiki hepde Waşingtonda duşuşarlar.