Prezident Şawkat Mirziýoýew Awaza geldi

Awg 4, 2025 - 19:35
Prezident Şawkat Mirziýoýew Awaza geldi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky doganlyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nobatdaky subutnamasy hökmünde, 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäherine geldi.

«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Özbegistanyň Lideri iki doganlyk halkyň arasyndaky mizemez dostluga mahsus bolan aýratyn mähirlilik we dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmagy, bu forumyň abraýyny has-da artdyrýar. Bu sapar diňe bir köptaraplaýyn başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin däl, eýsem iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.