Saud Arabystany Patyşalygynyň ýokary derejeli wekiliýeti Awaza geldi

Awg 4, 2025 - 19:31
Saud Arabystany Patyşalygynyň ýokary derejeli wekiliýeti Awaza geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek BMG-niň üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Bin Abdulkerim Al-Huraijiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.

«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde resmi ýagdaýda hem-de türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.

Dünýäniň iri ykdysady merkezleriniň biri bolan Saud Arabystanynyň bu maslahata ýokary derejede gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gatnaşyk deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag-üstaşyr we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda halkara maliýe institutlarynyň we iri maýadarlaryň ornunyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly itergi berer. Şeýle hem, bu sapar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.