Russiýa Federasiýasy bilen Gazagystan täze esasy gaz geçirijiniň gurluşygy boýunça özara ylalaşyga gol çekdi
"Gazprom" kompaniýasy bilen Gazagystan Russiýadan Gazagystana uzaýan täze esasy gaz geçirijiniň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.
Report agentliginiň rus metbugatyna salgylanyp habar bermegine görä, bu barada "Gazprom" gaz konserniniň resmi beýanatynda aýdylýar.
Resminama "Gazprom" paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Alekseý Miller bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklyaryň arasynda geçirilen iş duşuşygynyň çäginde gol çekildi.
Taraplar Gazagystanyň tebigy gaza bolan barha artýan islegini göz öňünde tutup, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Şeýle hem Gazagystan gazynyň Russiýada uzak möhletleýin gaýtadan işlenmegi boýunça esasy şertler hakynda ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama Karachaganak ýatagynyň gazynyň gaýtadan işlenmeginde hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Gaz Gazagystanyň çäginden çykarylyp, Orenburg gaz işläp bejeriji zawodynda gaýtadan işlener. Bu zawod häzirki wagtda döwrebaplaşdyrylar.
