Russiýada skan edilen resminamalaryň ähli maglumatlaryny çykaryp bilýän emeli aň döredildi

Russiýanyň Smart Engines kompaniýasy tarapyndan täze emeli aň ulgamy döredildi. Bu ulgam resminamalardan – ýazgy görnüşindäki we çap edilen – ähli maglumatlary awtomatiki usulda çykaryp, olar boýunça maglumatlary işgärler baradaky maglumat bazasyna girizýär. Täze tehnologiýa esasan kadro elektron resminama dolanyşygy (KEDO) ulgamlary bilen integrasiýada işläp, işgärleri işe almak boýunça bürokratik päsgelçilikleri doly aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.

Iýul 23, 2025 - 09:50
Russiýada skan edilen resminamalaryň ähli maglumatlaryny çykaryp bilýän emeli aň döredildi

Kadrlary resminama taýdan resmileşdirmegiň awtomatlaşdyrylmagy

Adaty ýagdaýda bir adamyň maglumatlaryny KEDO ulgamyna girizmek üçin HR-hünärmeniň bir sagada çenli wagty gidýär. Massawy işe alyş ýagdaýlarynda bolsa, resminamalary elle ýazmak we maglumatlary girizmek wagtyňy we serişdeleriňi ýitirýär.

Täze emeli aň ulgamy 3000-den gowrak resminama görnüşini we 5000-den gowrak özboluşly şablony tanap bilýär. Olaryň arasynda:

  • Russiýa Federasiýasynyň pasporty (hatda el bilen doldurylýan görnüşi hem),

  • Zähmet depderçesi,

  • SNILS, INN,

  • diplomlar, attestatlar,

  • girdeji baradaky справkalar, lukmançylyk kepillikleri,

  • harby biletler, kebşirleýji şahadatnamalary, traktor sürüjilik şahadatnamalary ýaly seýrek görnüşli resminamalar bar.

Çylşyrymly we seýrek görnüşli resminamalary hem tanap bilýär

Ulgam çap edilen hem-de el bilen ýazylan maglumatlary ýokary takyklyk bilen okap bilýär. Hatda bükülen, egilen ýa-da burçdan düşürilen resminamalaryň hem maglumatlaryny aýdyň we dogry ýagdaýda çykaryp bolýar.

Emeli aň agenti şeýle hem SNG ýurtlaryndan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistan we beýleki ýurtlardan gelen daşary ýurtly işçileriniň resminamalaryny tanap bilýär. Bu bolsa, gurluşyk, logistika, söwda ýaly pudaklarda köp sanly işçileri tiz işe almak üçin möhüm mümkinçilik döredýär.

HR-hünärmeniň diňe dalaşgäriň resminamalaryny telefon bilen surata düşürmegi ýeterlikdir — ulgam maglumatlary awtomatiki we ýalňyşsyz ýagdaýda çykaryp, degişli elektron bazalara geçirýär.

Iş netijeliliginiň artmagy we çykdajylaryň azalmagy

Täze emeli aň ulgamy, adaty işgär bilen deňeşdirilende, maglumatlary girizmekde has çalt we takyk işleýär. Bu ulgam arkaly:

  • resminamalary gaýtadan ýazmak zerurlygy ýok bolýar;

  • işe kabul etmegiň tizligi ýokarlanýar;

  • bürokratik päsgelçilikler we adam säwlikleri aradan aýrylýar.

Smart Engines kompaniýasynyň baş direktory, tehniki ylymlaryň doktory Wladimir Arlazarow belleýär:

«Elektron kadr resminama dolanyşygy ulgamynyň manysy ýok, eger-de resminamalary awtomatiki girizmek tehnologiýasy ýok bolsa. Eger-de HR hünärmenleriňiz henizem maglumatlary elle girizýär we dokumentleri gaýtadan ýazýarlar diýseňiz – siz wagtyňyzy we serişdeleriňizi ýitirýärsiňiz. Biziň emeli aň agentimiz bu prosesi doly awtomatlaşdyrýar. Ol işe alyş prosesini “akymly” görnüşde guramaga mümkinçilik berýär – hatalarsyz, ýuwaşlyk bolmazdan, çylşyrymly proseduralarsyz.»

Maglumatlaryň goraglylygy we maglumatlaryň daşary çykarylmazlygy

Smart Engines tehnologiýasynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri — maglumatlaryň diňe ýerli görnüşde işlenmegidir. Ýagny, maglumatlar oblaka ýa-da üçünji taraplara iberilmeýär, eýsem diňe kompaniýanyň kompýuterinde, smartfonynda ýa-da serverinde işlenýär. Bu bolsa şahsy maglumatlaryň goraglylygyny üpjün edýär.

Şeýle hem çözgüt Russiýanyň sanly ösüş ministrligi tarapyndan tassyklanan ýurt içindäki programma üpjünçilikleriniň reýestrine girizilen. Bu onuň ýurduň howpsuzlyk we import çäklendirme talaplaryna laýykdygyny tassyklaýar.