Milli gymmatlygymyz ajaýyp sungat eseridir

Mälim bolşy ýaly, türkmen zenanlarynyň döreden el işleri — halylar, kilimler, keçeler we beýleki dokma önümleri inçe senediň, hatda sungatyň derejesine ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Häzirki wagtda bu gadymy we gymmatly däpleri geljek nesillere ýetirmek, şol sanda olaryň önümçiligini üstünlikli dowam etdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Bu işlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri — bu birleşmäniň agzasy, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan bolan telekeçi Ahmet Bejäýewdir. Ol ene-mamalarymyzdan bize miras bolup gelen haly we kilim önümçiligini döwrebap derejede ýola goýdy.
Telekeçi milli gymmatlyklarymyzy häzirki zaman nusgasynda ösdürmek bilen bir hatarda, oba ýerlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine hem saldamly goşant goşýar. Muny telekeçä degişli kärhanada şertnamalaýyn esasda zähmet çekýän 150-den gowrak çeper elli gelin-gyzlaryň işleýändigi hem tassyklaýar.
— Kärhanamyzda işlemäge isleg bildirýän gelin-gyzlary çig mal bilen — ýagny ýüplükler bilen üpjün edýäris. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli öwüşginli el halylaryny hem-de kilimleri ussatlarça dokap, öz hünärleriniň ussatdygyny görkezýärler. Ýüňden we ýüpekden dokalýan halylar gözel görnüşi bilen göreni özüne bendiwan edýär. Kilim bolsa haly ýaly öýdelip, ýüwürdilip dokalýan önüm bolup, esasan, düşeklik ýa-da gapy üçin tutulyk hökmünde ulanylýar. Milli halyçylyk sungatymyzyň däplerini dowam etdirmek, gadymy kökleri täzeçe görnüşde baýlaşdyrmak, halkymyzyň islegini kanagatlandyrmak hem-de türkmen dokma sungatyny dünýä ýaýmak — biziň esasy maksadymyz — diýip, telekeçi Ahmet Bejäýew gürrüň berýär.
Ýeri gelende bellesek, telekeçi ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bu önümlere gelen sargytlary üstünlikli ýerine ýetirýär. Dokalýan halylara we kilimlere sargytlaryň yzygiderli artmagy bu ýerde ýokary hil derejesine laýyklykda önümçilik işleriniň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýle hem bu önümler elýeterli bahalardan halkymyza hödürlenýär we paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen haly dükanlarynda satuwa çykarylýar. Iş gerimini has-da giňeltmegi meýilleşdirýän telekeçi geljekde Aşgabat şäherinde ýörite söwda dükanyny açmagy meýilleşdirýär we bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini alyp barýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, önümçilik depginini yzygiderli ýokarlandyrýan telekeçi, Gün şöhlesi ýaly lowurdap, türkmen el halylarynyň hem-de kilimleriniň täze görnüşlerini müşderilere hödürlemek ugrunda döredijilik gözleglerini dowam etdirýär. Sebäbi häzirki zaman şertlerinde dokalyp, halkymyza ýetirilýän bu önümler — milli gymmatlygymyz, ajaýyp sungat eseridir.