Taýwanly alymlar kelle saçynyň dökülmegine garşy täze serişde işläp taýarladylar— syçanlarda 20 günde saç ösmäge başlady
Saç dökülmegi — dünýä boýunça giň ýaýran meseleleriň biridir. Şeýle hem, bu mesele üçin täsirli bejergi usullary bar bolsa-da, olaryň ählisi islenýän netijäni bermeýär. Şonuň üçin Taýwanyň milli uniwersitetiniň (National Taiwan University) alymlary täze usuly tapdylar, ol bolsa bu meseläniň çözgüdi bolup biler.
Synaglar syçanlarda geçirildi we netijeler gaty täsin boldy — diňe 20 günden soň olaryň derisinde täze saçlar peýda boldy. Bu ylmy işiň netijeleri Cell Metabolism atly abraýly žurnalda çap edildi.
Alymlar öňden bäri bilýärdiler: kähalatda deriniň gyjyndyrylmagy ýa-da ownuk şikesler saçlaryň artmagyna täsir edip bilýär. Şonuň üçin synag wagtynda olar syçanlaryň arkasyna ýörite gyjyndyryjy serişde — natriý dodesil sulfat (SDS) serişdesini çaldylar. Bu serişdäniň täsiri bilen deride ownuk egzema peýda boldy.
Takmynan 10–11 gün geçenden soň, şol ýerlerde saç follikulalaryndan täze inçe tüýler çykyp başlady. 20 gün geçenden soň bolsa, şol ýerlerde tüýleriň gür ösendigi anyk göründi.
Gyjyndyryjy serişde ulanylmaýan ýerlerde bolsa deri öňküsi ýaly tegelek saryk görnüşde galdy.
Alymlaryň bellemegine görä, gyjyndyryjy serişdäniň täsiri bilen immun öýjükleri deriniň aşagyndaky ýag gatlagyna geçipdir. Şol wagt ýag öýjükleri “signal” alyp, ýagly kislotalary çykarmaga başlapdyr. Bu ýagly kislotalary saç follikulasynyň kök öýjükleri özleşdirip, netijede saçyň ösmegi başlanýar.
Soňra alymlar bu täsiri gyjyndyryjy serişde ulanmazdan, diňe ýagly kislotalaryň özüni ulanmak arkaly synap gördüler. Olar olein we palmitolein kislotalary spirtde eredip, serum görnüşinde taýýarladylar. Netijede, bu kislotalaryň hem saç ösmegine kömek edýändigi anyklanyldy.
Taýwanly alymlar bu oýlap tapyşlaryny patentleşdirdiler we indi dürli dozalarda adam derisinde, ýagny kelläniň saçsyz ýerlerinde synag geçirmegi meýilleşdirýärler. Geljekde bu serişdäniň satyn alynyp bilinjek derman görnüşinde çykarylmagyna umyt edilýär, emma häzirlikçe onuň haçan we näçe bahadan satyljakdygy belli däl.
