Türkiýede suw astyndan 12 müň ýyl mundan öňki gaýalaryň suratlary tapyldy
Türkiýäniň Adyýaman welaýatynda, Atatürk bentiniň suwlarynyň aşagynda ýerleşýän ýerinde arheologlar tarapyndan gaýa suratlary tapyldy. Bu şekilleriň ýaşy takmynan 12 müň ýyl, ýagny soňky paleolit ýa-da irki neolit döwrüne degişli hasaplanýar.
Ilkibaşda bu şekilleri sekiz ýyl ozal ýerli balykçylar görüpdirler — şol wagt guraklyk sebäpli bentdäki suwuň derejesi pese düşüp, gadymy gaýa suratlarynyň üsti açylypdyr. Bu ýyl suw derejesi gaýtadan ýokarlanansoň, Adyýaman muzeýiniň hünärmenleri şol ýerde suwasty barlag geçirip, ýörite kameralaryň kömegi bilen suratlary ýüze çykaryp, hasaba aldylar.
Muzeýiň direktory Mehmet Alkanyň sözlerine görä, suwasty görnüş çäklidi we gaýalaryň ýüzüni midýanyň gabyklarynyň örtmegi sebäpli şekilleriň anyk görnüşini almak kyn düşýär. Şonuň üçin geljek aýlarda arheologlar ýeri arassalap, detallaýyn dokumentasiýa taýýarlamak hem-de muzeý üçin onuň nusgasyny döretmek meýilleşdirýärler.
Uzynlygy takmynan 8 metr bolan panelde adamlar we haýwanlar gatnaşýan aw sahnasy şekillendirilipdir. Ol ýerde durna, at, möjek, tilki we dag goçlarynyň meňzeş şekiller bar. Alymlar bu şekilleriň aw ýa-da jemgyýetçilik gürrüňi ýaly ilkinji simwolik beýan görnüşleriniň biri bolup biljekdigini aýdýarlar.
Atatürk bentiniň gurluşygy XX asyryň ahyrynda bu sebitdäki birnäçe gadymy ýadygärligiň suwuň aşagynda galmagyna sebäp bolupdy. Şonuň üçin alymlar häzirki wagtda 3D skanirleme we fotogrammetriýa arkaly şeýle tapyndylary sanly görnüşde saklamagyň örän möhümdigini belleýärler.
Bu görnüşdäki gaýa suratlary Türkiýäniň başga ýerlerinde — Batman, Şanlyurfa we Mardin welaýatlarynda hem duş gelýär. Bu ýagdaý Ýokary Mesopotamiýanyň medeni dowamlylygyny görkezýär.
