Tebigata bolan söýgi — ýürekden başlanýar

Tebigat — diňe bir daş-töweregimiziň baglary, daglary ýa-da derýalary däl-de, bu biziň ýürek owazymyz, ruhumyza ylham berýän gözellikdir. Tebigaty söýmek — ondaky ähli jandarlara, ösümliklere, tebigy baýlyklara sarpa goýmakdyr. Bu bolsa diňe bilim bermek bilen çäklenmän, ýaş nesliň aňyna daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýaly düşünjeleri ornaşdyrmagy hem öz içine alýar.
Tebigaty goramakda, ýaşlaryň kalbynda oňa bolan söýgini döretmekde ilkinji nobatda ata-eneler, mugallymlar hem-de terbiýeçiler möhüm orun eýeleýärler. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi Şerapat Durdyýewa hem ýurdumyzyň ýaş nesliniň tebigata bolan garaýşyny dogry ýola goýmakda döredijilikli zähmet çekýär.
— Tebigata bolan söýgi diňe uly adamlar bilen çäklenmeli däldir. Ol kiçijik ýüreklerde hem ýaşamaly. Çaganyň kalby tämiz sahypa ýalydyr. Şol sahypa tebigatyň gözelligini, rehimdarlygy, ynsanperwerligi ýazmak bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr — diýip, Şerapat Durdyýewa gürrüň berýär.
Häzirki wagtda çagalar baglarynda dürli ekologik çäreleriň giňden guralýandygyny, şolaryň arasynda «Tebigaty goraýan çagalar» atly döredijilik sapaklarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belleýär. Bu çärelerde körpe nesillere haýwanlara rehimli, ösümliklere aýawly çemeleşmek, arassalygy saklamak ýaly endikler öwredilýär. Şeýlelikde, ýaş nesliň aňynda tebigata bolan jogapkärçilikli garaýyş ösýär.
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi, ekologik taslamalaryň amala aşyrylmagy ýaşlaryň bu ugurdan hem bilimli, hem-de watansöýüji ruhda kemala gelmegini üpjün edýär.
Şerapat Durdyýewa şeýle mümkinçilikleriň döredijilikli zähmet üçin ylham çeşmesidigini nygtap:
— Her ekilen güli bilen çaganyň özi hem gözelleşýär. Tebigat hakynda aýdylýan aýdymlar, hekaýalar, suratlar çagalaryň diňe bilimini artdyrman, ruhy taýdan hem ösdürýär. Bu bolsa biziň işimiziň esasy maksadydyr — diýip belleýär.
Ýaş nesliň tebigata bolan söýgüsini oýarmak arkaly diňe bir ösümlikleri ýa-da janly-jandarlary däl, bütin adamzadyň abadan geljegini goramaga uly goşant goşulýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň ekologik taýdan durnukly ösüş ýolunda ynam bilen öňe barýandygynyň subutnamasydyr.