Teksas ştatynda sil sebäpli azyndan 24 adam ýogaldy

Iýul 5, 2025 - 17:25
Teksas ştatynda sil sebäpli azyndan 24 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Teksas ştatynda dowam eden güýçli ýagyşlar netijesinde dörän sil sebäpli azyndan 24 adam heläk boldy. Arasynda çagalar hem bar diýip, ýerli häkimiýetler habar berýär. Bu barada ABC News we The New York Times ýazýar.

The New York Times habar bermegine görä, ýene 25 adam ýitirim hasaplanýar. Olaryň arasynda bu sebite ýerleşýän Camp Mystic atly gyzlar üçin niýetlenen hristian tomusky lagerinden 23 dynç alyjy bar.

Ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek üçin Teksasyň Milli gorag gullugy tarapyndan dikuçarlar, taktiki tehnikalar we halas ediş toparlary çekildi. Gullugyň ýolbaşçysy Tomas Sültseriň sözlerine görä, 237 adam halas edilipdir.

Sil hadysasy güýçli we dowamly ýagyşlaryň netijesinde ýüze çykyp, Teksasyň günorta we merkezi sebitlerinde derýalaryň we suw howdanlarynyň joşmagyna sebäp boldy. Käbir şäherçelerde ýollara we infrastruktura şikes ýetdi.

Häkimiýetler raýatlary howpsuzlyk çärelerine eýermeklige we howp abanýan sebitlere gitmezlige çagyrýar.

Täzelikler üçin Amulinfo.com we Ýandeks Zen sahypasyna göz aýlaň.