Xpeng G7 – 9 minutda 10 müň sargyt
Hytaýyň elektrikli awtoulag öndürijisi Xpeng täze çykaran G7 atly elektro krossoweri rekordy döwýär.

Hytaýyň elektrikli awtoulag öndürijisi Xpeng, täze çykaran G7 atly elektro krossoweriniň satuwa çykarylyşynyň ilkinji 9 minutynyň dowamynda 10 müňden gowrak sargyt alnandygyny habar berdi. Bu görkeziji, ozalky lider Xiaomi YU7-niň rekordynyň ýatyrylmagyna getirip biler.
Täze Xpeng G7-niň başlangyç bahasy 195 800 ýuana. Awtoulag 296 at güýjündäki bir elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylypdyr. 100 km/s tizlige bary-ýogy 6,5 sekuntda ýetýär. 68,5 kWt·s we 80,8 kWt·s akkumulýator görnüşleri hödürlenýär. Täze krossower 602 km we 702 km aralygy geçip bilýär. 12–15 minutda doly zarýad almak mümkinçiligi bar.
G7-niň iň üýtgeşik aýratynlygynyň biri — 87 dýuýmlyk proýeksiýa displeýidir. Bu displeý Huawei tarapyndan taýýarlanyldy we onuň işlenilişine 1,4 milliard dollar goýberildi. Adaty panel ýok – ähli maglumatlar öň aýnanyň üstünde görkezilýär. Displeý, zolak boýunça AR (wirtual hakykat) navigasiýasy, sürüji üçin duýduryşlar, awtoulag ýagdaýy, wideo kameralar we duralga görkezmeleri ýaly maglumatlary ýetirýär.
Krossoweriň top modelinde, 225 800 ýuana (takmynan 2,5 million rubl) satylýan görnüşinde, täze nesil awtopilot ulgamy ýerleşdirildi. Bu ulgam Xpeng-iň özünde işlenilen we 2250 TOPS öndürijiligi bolan üç sany mikroprosessor bilen işleýär.
Täze G7, markanyň G6 we G9 modelleriniň arasynda ýerleşýär. Ulagyň ölçegleri: uzynlygy – 4892 mm, ini – 1925 mm, beýikligi – 1655 mm, tigir aralygy – 2890 mm. Iki hatar oturgyçly awtoulagyň bagajynyň göwrümi 819 litr.