CAVA Ligasy: Türkmenistan Hindistana garşy gyzgalaňly oýunda ýeňildi
Türkmenistan (DR 54) Hindistandan (DR 58) 1–3 hasap bilen ýeňildi [27–29, 25–21, 19–25, 18–25].

Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAVA-nyň Erkekler arasynda geçirilýän Milletler ligasynda nobatdaky duşuşygyny Hindistanyň ýygyndysyna garşy geçirdi. Oýun başlangyçda Türkmenistanyň peýdasyna üstünlikli gitdi — birinji setde 19–12 hasap bilen öňdeligi ele alsada, set 27–29 hasap bilen garşydaşyň ýeňişi bilen tamamlandy. Ikinji setde hem türkmen topary gowy oýun görkezdi we 25–21 hasap bilen ýeňiş gazanyp, umumy hasapda 1–1 deňlik emele geldi.
Ýöne üçünji setden başlap, hindistanlylar güýçli garşylyk görkezip başlady. Türkmenistanyň ýygyndysy oýundaky başlangyç depgini saklap bilmedi. Netijede, üçünji we dördünji setler 19–25 we 18–25 hasaplar bilen Hindistanyň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy 1–3 hasap bilen ýeňlişe sezewar boldy.
Bu duşuşykda ilkinji setdeki 19–12 ýaly artykmaçlykdan ýeňlişe ýol berilmegi topar üçin sapak bolmaly pursat hökmünde baha berilýär. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşdaky indiki duşuşyklarynda öz pozisiýasyny güýçlendirmek üçin bu bäsleşikden netijeler çykarmaly bolar.