Lebap sungatyň şöhle saçýan ojagy

Halkymyzyň köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli medeni mirasyny ilik-düwme öwrenmek, gözüň görejisi ýaly gorap saklamak we zamananyň zynaty bilen bezäp, geljekki nesillere geçirmek sungat ojaklarynyň nesibesidir.

Lebap sungatyň şöhle saçýan ojagy

Ynha, özünde bu hakykaty takdyry bilen bile taplan, göwünde guýma gursak zehinleri jemlän welaýat ýörite sungat mekdebi hem basyr 50 ýyl bäri ýurdumyzyň sungat akabasynyň sakasynyň biri bolup gelýär.

— Mekdebimizde tejribeli mugallymlar — Türkmenistanyň halk artisti Bäşim Berdiýew, Türkmenistanyň halk bagşysy, welaýat medeniýet müdirliginiň ýanyndaky bagşylar toparynyň ýolbaşçysy Gurbandurdy Öwezow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri, kompozitor Batyr Soltanow, halypa nakgaş Myrat Baltayew, Döwlet Sahatow, Narkuly Huseýinow, şeýle hem halypalar Täzegül Joraýewa, Ýuliýa Jumaýewa, plektorly dutarlaryň 30-dan gowrak görnüşini kämilleşdiren, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Allaberdi Ergeşow, zehinli mugallymlar Alymjan Işankulyýew, Babakuly Jorakulyýew dagy zehinli ýaşlara hünär öwretmek bilen birlikde baý iş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşýarlar.

Bu halypalaryň şägirtleri ýurdumyzda belli sungat ussatlary bolup ýetişýärler — diýip, mekdebiň müdiri Serdar Hakyýew söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Mekdebimizde sungatyň dokuz görnüşi boýunça hünärmenleri taýýarlaýarys. Tejribeli mugallymlarymyz sungat we sazçylyk mekdepleri üçin okuw gollanmalarynyň hem onlarçasyny taýýarladylar. Bulardan başga-da hünärmenlerimiz welaýatyň çäginde ýerleşýän çagalar sungat mekdeplerinde yzygiderli bolup, öz kärdeşlerine usuly kömek berýärler — diýip, mekdebiň okuw-usulyýet işleri boýunça müdiri Batyr Akmyradow söhbetdeşligimiziň üstüni ýetirdi.

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda şanly senä mynasybetli taýýarlan dabaraly konserti hem aýdym-saz muşdaklaryny saz älemine beýgeltdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden eşretli eýýamyny wasp edýän aýdymlaryň, türkmen we dünýä belli nusgawy kompozitorlaryň ajaýyp saz eserleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi sungat mekdebiniň kämillik derejesiniň buşlugyna öwrüldi.