Türkmenabatda “Zehin ýoly” dil merkezinde tomusky okuwlar başlanýar

Türkmenabatdaky “Zehin ýoly” dil merkezinde tomus möwsümine niýetlenen okuw tapgyryna ýazgylar dowam edýär. Okuwlar 11-nji iýundan resmi taýdan başlaýar. Bilim almak islege görä dürli derejelerde we ugurlar boýunça alnyp barylýar.

Türkmenabatda “Zehin ýoly” dil merkezinde tomusky okuwlar başlanýar

Tomusky okuwlaryň dowamynda okuwçylar 2 aý 1 hepdelik döwürde bilim alarlar. Bu döwür aýratynlykda tomusky dynç alyş döwründe okuwçylaryň wagtlaryny netijeli geçirmegine we dil başarnyklaryny ösdürmegine gönükdirilendir.

Beýleki okuw tapgyrlary bolsa 3 aý dowam eder. Okuw sapaklary okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna we bilim derejesine görä ýörite düzülen okuw maksatnamalarynyň esasynda alnyp barylýar.

Tomusky okuwlaryň gatnaşmak tölegi 1500 manat bolup, ýokary hilli mugallymlar tarapyndan geçirilýän sapaklar özünde häzirki zaman okuw usullaryny, multimedia serişdelerini we amaly taýýarlygy jemleýär.

Ýazylyşyk dowam edýär!

Habarlaşmak üçin: +99371510193