Portugaliýa Germaniýadan üstün çykyp, Milletler ligasynyň finalyna çykdy
Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň 2024/2025-nji ýyldaky Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýany ýeňdi.

Oýun iýun aýynyň 4-ne “Arena Mýunhen” stadionynda geçirildi. Duşuşygyň baş eminliginde sloweniýaly Slavko Winçiç çykyş etdi. Netije — 2:1, Portugaliýanyň peýdasyna.
Duşuşygyň gidişi:
48-nji minutda "Bayer" klubynyň oýunçysy Florian Wirts Germaniýany öňe çykardy. Ýöne portugallar tiz özüni dikeldip, 63-nji minutda Şiku Konseýsaw hasaby deňledi. 68-nji minutda bolsa Kriştianu Ronaldu ýeňiş getiren topuny derwezä geçirdi.
Ýarym finala çenli ýol:
Germaniýa:
Topar tapgyry: 4 ýeňiş, 2 deňlik
Niderlandlar bilen: 2–2, 1–0
Wengriýa bilen: 5–0, 1–1
Bosniýa we Gersegowina bilen: 2–1, 7–0
1/4 finalda Italiýany ýeňdi: 2–1 we 3–3
Portugaliýa:
Topar tapgyry: 4 ýeňiş, 2 deňlik
Horwatiýa bilen: 2–1, 1–1
Polşa bilen: 3–1, 5–1
Şotlandiýa bilen: 2–1, 0–0
Çärýek finalda Daniýa bilen: 0–1 we 5–2
Finaldaky garşydaş kim bolar?
Ispaniýa bilen Fransiýanyň duşuşygy iýun aýynyň 5-ne, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da bolar.
Final oýny iýun aýynyň 8-ne 23:45-de, üçünji orun üçin duşuşyk bolsa şol gün 16:00-da geçiriler.
Tomsyň esasy futbol wakalaryny bizde — bize agza boluň!