Adam beýnisiniň ýady näçeräk? Näme üçin bu san däl-de, onuň ulanylyşy möhüm?

2.5 petabaýt — hakykatmy ýa mif?
Barlaglara görä, beýnidäki her bir sinaps takmynan 4,7 bit maglumat saklap biler. Sinapslaryň sany bilen köpeldeniňde, bu san 2,5 petabaýta çenli ýetýär. Bu ýat internetiň sygymy bilen deň.
Ýöne bu sanlar hem diňe çaklama. 2024-nji ýylda MIT-den alymlar beýnideki astrositler (ýyldyz şekilli öýjükler) hem maglumat alyş-çalşyna gatnaşýandyr diýip çakladylar. Bu bolsa beýniniň has-da çylşyrymlydygyny görkezýär.
Beýni — USB fleşka däl
Biz ýady "gaty disk" ýaly göz öňüne getirýäris: ýaz, sakla, aç. Ýöne hakykatda beýle däl. Nýu-Ýork uniwersitetinden professor Nikolaý Kukuşkin aýdýar:
"Ýat – bu maglumat arhiwi däl, karar kabul etmegiň guralydyr".
Ýatlamalarymyz wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär. Bu bolsa adaty ýagdaý. Belki siz 2007-nji ýyldaky toýda gyzyl köýnek geýdiňiz öýdýärsiňiz, aslynda ol gök bolupdyr.
Unutmak – peýdaly aýratynlyk
Häzirki wagtda maglumatlar, täzelikler, sosial ulgamlar, mahabatlar durnuksyz ýagýar. Eger biz hemmesini ýatda saklasak, beýnimiz çöküp bilerdi. Şonuň üçin unutmak — kemçilik däl, eýsem peýdaly aýratynlykdyr.
Ýatlamalar durmuşy ýazga almak üçin däl-de, adamzady goramak üçin döredildi.
Netije: Möhüm zat mukdar däl, eýsem peýdalanylyşy
Beýnimiz 1-den 2.5 petabaýta çenli maglumat saklap biler, ýöne esasy zat — ony nädip işläp çykarmalydygyny bilmekdir. Beýnimiz diňe saklamaýar:
wajyp maglumatlary saýlaýar,
köneleri täzeläp durýar,
we geçmiş tejribelere esaslanyp karar kabul edýär.
Adam ýady — bu diňe arhiw däl, ýaşaýyş üçin uýgunlaşýan, hereket edýän ulgamdyr. Muny kompýuter edip bilmeýär.
Beýni we ylmy täsinlikler bilen gyzyklanýarsyňyzmy? Kanalymyza ýazylyň — gündelik ylmy faktlar bilen tanyş boluň!