Google Hugging Face-yň AI modellerini telefonda — internetsiz işledýän programmasyny çykardy

Google AI Edge Gallery atly synag mobil programmasyny hödürledi. Bu programma arkaly ulanyjylar Hugging Face platformasynyň emeli intellekt modellerini internetsiz ýagdaýda göni öz smartfonlarynda işledip bilerler.

Google Hugging Face-yň AI modellerini telefonda — internetsiz işledýän programmasyny çykardy

Programma Android ulgamy üçin eýýäm elýeterli, iOS üçin bolsa ýakyn wagtda çykarylar. Ulanyjylar modelleri gözläp, ýükläp we surat döretmek, kod ýazmak we redaktirlemek, soraglara jogap bermek ýaly wezipeleri ýerine ýetirip bilerler — bularyň hemmesi enjamyň prosessory arkaly ýerine ýetirilýär.

AI Edge Gallery nämäni başarýar:

Hugging Face-däki meşhur modelleri, şol sanda Google Gemma 3n modelini goldaýar

Wezipeler üçin taýýar şablonlar we laýyk modelleriň teklibi

Tekstleri täzeden düzmek ýaly aýratyn komandalar üçin Prompt Lab bölümi

Doly offlaýn işlemek mümkinçilikleri

Programma işiniň tizligi enjamyň güýjüne we saýlanan modeliň ululygyna bagly: model näçe uly bolsa, wezipesi şonça uzak dowam eder. Emma häzirki zaman güýçli smartfonlarynda bu proses çalt bolýar.

AI Edge Gallery häzirki wagtda alfa-wersiýada elýeterli bolup, Apache 2.0 ygtyýarnamasy bilen ýaýradylýar. Ony GitHub-daky resmi sahypasyndan — APK-faýly görnüşinde hem — ýükläp bolýar.