Çikagoda ilkinji kwant internet ulgamy döredilýär

Ine soňky döwürlerde kwant teleportasiýasy ugrundaky üstünlikler global aragatnaşyk ulgamyny düýpgöter üýtgedip biljek kwant internetiniň döremegine ýol açýar.

Çikagoda ilkinji kwant internet ulgamy döredilýär
Teleportasiýa Surat: commons.wikimedia.org, awtory — Jason Jacobs (Honolulu, ABŞ), https://creativecommons.org/licenses/by/2.0/

Fermilab bilen Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň alymlary fotonlaryň kwant ýagdaýyny optiki süýüm arkaly 44 kilometre çenli aralykda 90%-den ýokary takyklyk bilen üstünlikli geçirip bildiler.

Kwant teleportasiýasy ― bu kwant baglanyşygy esasynda bolup geçýär. Bu ýagdaýda bölejikler biri-biri bilen uzak aralykda hem baglanyşykly bolmagynda galýarlar. Şonuň üçin maglumat adaty aragatnaşyk usullaryna garanyňda has çalt, hatda derrew geçirilip bilýär. Elbetde, bu ýerde ylmy-fantastik filmlerdäki ýaly jisimler fiziki taýdan göçürilmeýär — diňe olaryň kwant ýagdaýy geçirilýär.

Synag CQNET we FQNET atly iki sany kwant ulgamy arkaly geçirildi. Ýokary takyklykly geçiriş ulgamyň durnuklydygyny görkezýär, bu bolsa geljekde şeýle tehnologiýalaryň ösüşi üçin örän möhümdir. Bu üstünlik Amerikanyň Energetika ministrliginiň milli kwant interneti döretmek baradaky meýilnamasyny yglan edeninden diňe birnäçe aý soň mümkin boldy. Häzirki wagtda Fermilab topary Çikagoda ilkinji kwant internet ulgamyny — Illinois Express Quantum Network — döretmäge girişdi.

Mundan ozal, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ABŞ-nyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň alymlary 30,2 kilometr uzynlykdaky optiki süýüm arkaly ilkinji gezek kwant teleportasiýasyny üstünlikli geçiripdiler. Bu süýüm adaty internet maglumatlaryny geçirmek üçin hem ulanylýardy. Bu bolsa kwant we klassiki ulgamlary bilelikde işleýän infrastrukturada birleşdirmegiň mümkinçiligini görkezýär.

Bu açyşlar kwant internetiniň diňe bir hyýal däldigini, eýsem, geljekde örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny görkezýär. Kwant interneti üsti bilen örän howpsuz maglumat alyş-çalyşygy, paýlanan hasaplamalar we täze ölçeg usullary ýaly mümkinçilikler açylar.