Çilim çekmegi taşlasaňyz size nämeler garaşýar?

Siziden ýaramaz yslar aýrylar, oturşyklardan daşary çykmaga zerurlyk bolmaz we jübüniňiz hem has agyr bolar. Emma iň möhümi – saglygyňyz düýpli gowulaşar.

Apr 29, 2025 - 12:06
Çilim çekmegi taşlasaňyz size nämeler garaşýar?

20 minutdan soň:
Ýürek urşy azalýar. Gan aýlanyşy gowulaşýar, eller we aýaklar ýylyrak bolýar.

8 sagatdan soň:
Ganyň düzüminde kislorodyň derejesi kadalaşar, uglerod oksidiniň mukdary iki esse azalýar.

24 sagatdan soň:
Bir gün geçenden soň ýürek keseliniň howpy peselýär.

48 sagatdan soň:
Gandaky ähli uglerod oksidi ýok bolar we öýkenlerde ýygnanan nem arassalanar. Siz tagamlary we ysly zatlary has gowy duýup başlarsyňyz. Tagam duýujy öýjükler nikotiniň ýoklugyna uýgunlaşar.

72 sagatdan soň:
Dem almak ýeňilleşer, sebäbi bronhlar giňelýär. Şeýle-de energiýa we güýç artar.

1–3 aýdan soň:
Ýürek myşsalaryna gan has gowy aýlanar, şonuň üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak aňsatlaşar.

3–9 aýdan soň:
Öýkeniň işi 10% gowulaşar, şonuň bilen birlikde üsgülewük, burnuň dykylmagy, dem alyş kynçylyklary azalar. Dem alyş ýollaryny örtýän öýjükleriň üstündäki «süpürgiç ýaly» tikenekler dikeler, olar nemi aýyrmaga we ýokançlardan goranmaga kömek eder.

Energiýaňyz has-da artar.

1 ýyldan soň:
Ýürek-damar keselleriniň, infarktyň we insultyň howpy iki esse azalar.

5 ýyldan soň:
Insultyň howpy hiç haçan çilim çekmedik adamlaryň derejesine ýeter.

10 ýyldan soň:
Öýken rakyndan ölmek howpy iki esse azalýar. Mundan başga-da, agzyň, aşgazanyň, iýmit turbasynyň, peşew haltasynyň, böwrekleriň we aşgazan mäziniň rak keseliniň ýüze çykma mümkinçiligi azalýar.


Çilim çekmegi taşlanyňyzda ýüze çykyp biljek kynçylyklar:
Ilkinji 2–3 gün örän agyr bolup biler, emma birnäçe hepdeden soň ähli alamatlar ýitip gider.

Çilim çekmäge isleg:
Çilim çekmegi taşlaýanlaryň köpüsi belli bir ýagdaýlarda (irden kofe içeninde, dostlary bilen üýşende, işde ýa-da kyn söhbetdeşlikden soň) ýene-de çilim çekmek islär.

Näme etmeli:
Terapewte ýüz tutup, size çilim çekmäge islegi azaldýan dermanlar ýazdyrsaňyz gowy bolar. Çilim çekmek isläniňizde 3–5 minut garaşyň – şonda ýürek aramlaşyp biler we pikirleriňiz üýtgäp biler. Özüňize näme üçin çilim çekmegi taşlaýandygyňyzy ýatladyp duruň.

Eger şowsuz bolsa, alada etmeli däl: köp adam üçin endigi taşlamak üçin 3 synanşyk gerek bolýar.

Gahar-gazap we dartgynlyk:
Bedeniňiz nikotine öwrenişipdir. Nikotin ýok bolanda beýniniň reaksiýasy hökmünde gaharlanmak, dartgynlyk we betbagtlyk ýüze çykýar.

Näme etmeli:
Bu diňe wagtlaýyn alamat. Käbir çuňňur dem alyş maşklary etmek, gezelenç etmek ýa-da bedeni herekete getirmek kömek eder. Kofe içmegi azaldyň, sebäbi nikotinsiz ýagdaýda kofeiniň bedenden çykmagy haýallap biler.

Ünsüňi jemlemek kynçylygy:
Psihologiki ýagdaýyň üýtgemegi sebäpli ünsüňizi jemlemek kyn bolup biler.

Näme etmeli:
Özüňize gaty agram salmaň. Ilkinji günler agyr işler bilen meşgullanmakdan saklanyň.

Uky bilen baglanyşykly kynçylyklar:
Çilim çekmegi taşlanlaryň köpsinde ukysyzlyk ýüze çykýar.

Näme etmeli:
Ýatmazdan öň kofeinsiz içgiler içiň, agyr iýmitden gaça duruň, telefon güýmenmäň. Ýatmazdan öň gezelenç etmek we otagy arassalamak peýdaly bolar. Käbir ýagdaýlarda nikotin plastyrlaryny uklamazdan bir sagat öň aýyrmak gerek bolup biler.

Işdäniň artmagy:
Çilim çekmegi taşlanlaryň köpüsiň işdäsi ýokarlanýar.

Näme etmeli:
Az kaloriýaly iýmitleri saýlaň (miweler, gök önümler). Iýmit wagty telewizora ýa-da kompýutere seretmän, diňe iýmitlenmäge ünsi jemläň. Şeýle-de, gündelik hereketi artdyryň: köpräk ýöräň, lift ulanman, basgançak bilen çykmagyňyz peýdaly bolar.