Futbol janköýerleri üçin ýatdan çykmajak agşam: El classico
Futbol janköýerleri üçin ýatdan çykmajak agşam: El classico

Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan ýaryşy – El Clásico – ýene-de uly sahnada. Bu gezek duşuşyk Ispaniýanyň iň abraýly futbol ýaryşy bolan Copa del Rey kubogynyň finalynda geçirilýär. Futbol äleminiň iki beýik kluby – Barselona we Real Madrid – altyn kubok ugrunda güýç synanyşarlar.
Final oýny Ispaniýanyň Sewilýa şäherindäki meşhur La Cartuja stadionynda geçiriler. Duşuşyk ýerli wagt bilen ýary gije sagat 01:00-da başlar.
Barselona bilen Real Madrid arasynda geçirilen her El Clásico duşuşygy diňe bir oýun bolman, eýsem futbol taryhynyň möhüm sahypasy hökmünde kabul edilýär. Iki klub hem dünýäniň iň baý taryhy we iň köp janköýer toplap bilýän futbol toparlarynyň arasynda ýerleşýär.
Bu duşuşyk olaryň şu möwsümde üçünji duşuşygy bolar. Öňki iki duşuşykda Barselona ýeňiş gazandy: biri Superkubokda, beýlekisi bolsa La Liga çäginde.
Barselona toparynda käbir güýçli futbolçylar şikes sebäpli oýuna gatnaşyp bilmezler. Esasan-da hüjüm liniýasynyň lideri Robert Lewandowski-niň gatnaşmazlygy topar üçin uly ýitgi. Real Madrid hem şol bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy – goragçysy Dani Carvajal bu finalda çykyş edip bilmeýär.
Duşuşykdan öň Real Madrid topary emin Ricardo de Burgos Bengoechea bilen bagly nägilelik bildirip, metbugat ýygnagyny we türgenleşik sapaklaryny ýatyrandygyny mälim etdi. Bu ýagdaý duşuşygyň öň ýanyndaky dartgynlygy has-da güýçlendirdi.
-
Barselona şu wagta çenli Copa del Rey kubogyny 31 gezek,
-
Real Madrid bolsa 20 gezek eýeläpdir.
Bu finalda ýeňiş gazanan topar diňe bir kubok eýesi bolman, eýsem 2024–25 möwsüminiň iň uly üstünlikleriniň birine eýe bolar.