«Tes­la­nyň» elekt­rik ba­ta­re­ýa­la­ry

Maý 23, 2025 - 23:33
«Tes­la­nyň» elekt­rik ba­ta­re­ýa­la­ry

Dünýä bazarynda soňky ýyllarda ornuny has-da berkidýän «Tesla» amerikan kompaniýasy tarapyndan öndürilip başlan elektrik batareýalary ýokary üpjünçiligi bilen  öňe saýlanmagy başardy. Ýagny täze batareýalaryň her biriniň kuwwaty bir wagtyň özünde öýleriň 3600-sini bir sagatlap elektrik togy bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Düzümi litiý-demir-fosfat ýaly elementlerden ybarat bolan «Megapack» batareýalary berkligi we howpsuzlygy boýunça hem ýokary baha mynasyp boldy.  

Kompaniýanyň Demirgazyk Amerikada guran zawody  şeýle batareýalaryň her ýylda 10 müň sanysyny öndürmek mümkinçiligine eýedir.