Zähmetsöýer ili bardyr, Lebabyň

Lebap welaýatynda döredijilik adamlarynyň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäreler halkyň uly gyzyklanmasyna we buýsanjyna sebäp boldy.

Iýun 10, 2025 - 09:11
Zähmetsöýer ili bardyr, Lebabyň

Hawa, ol günki ugur Günüň dogýan tarapy bolan Lebap welaýatyna sarydy.
Uzak aralygy külterläp barýan demir ýol ulagynda Günüň dogýan tarapyna sary ýola düşmek we menzil aşmak diýseň ýakymlydy. Durmuşyň joşýan ýeri bolan şäherdir obalary yzda goýup, ýol aşmakdan lezzetli zat ýok bolsa gerek. Biziňki hem şeýle boldy. Mermer paýtagtymyz Aşgabatdan gözbaş alyp ýola düşen demir ýol ulagymyz Änew düzlüklerini, Mäne babanyň aýak yzlarynyň galan ýerlerini, gadymy Merwi yzda galdyryp, Türkmenabat şäheriniň üsti bilen Kerki etrap merkezine golaýlady. Daňyň ümiş-tamyşlygynda, hasam Günüň dogar-dogarynda tebigatyň gözellikleri diýseň täsindi...

Hormatly bilen garşylanan ýeriňde mertebäňem beýgelýän ýaly bolýan eken.
Duz-çörekli garşylanmandan soň, hasam ruhlanan ýaly bolduk. Düzleriň bossana, sözleriň dessana öwrülýän mekanynda zähmetkeş adamlaryň arasynda goşgy, hasam Watan baradaky şeýle goşgulary okasymyz geldi durdy:

Meniň şeýle Watanym bar,
Onda düzüler bossan bolýar.
Meniň şeýle Watanym bar,
Onda sözler dessan bolýar...

Hut şeýle digi üçin, söz berlenden, ony Watan ýaly mukaddeslikden başlamagyň gelýär.
Çünki onuň ähli künjegi özgerişde ― düzüler bossana öwrülýär, sözleriň dessana öwrülýär. Lebap welaýatynyň Kerki etraby hem şeýle etraplaryň biri. Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, Amul ady bilen tanalan Kerkide zähmet ýylyň ähli paslynda gaýnap joşýar. Ýöne biziň baran günlerimizde pileçiler üçin has gyzgalanly döwür eken. Ýüpek gurçugyndan alynýan piläniň Watanymyzyň baýlygyna baýlyk goşýandygyny hemmämiz bilýäris. Owadan panbarhat matalary geýen wagtymyzda göz öňümizde pileçileriň gije-gündizläp çeken zähmeti janlanyp, olara alkyş baryny aýdýarys.

Elbetde, ol ýerde ― Kerki etrap medeniýet merkezinde «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýewiň alyp barmagynda geçirilen duşuşykda ösüşlerimiz bilen birlikde döredijiligiň gürrüňi hem boldy. Şonda özüm-ä edebiýatymyza önjeýli goşant goýan Osman Ödäýewiň adyny agzamanym bilmedim. Onuň eserlerine salgylanlyp, durmuşy mysallara ýüzlendim. Olaryň birem wagt bilen baglanyşykly. Halyba onda mydama ýetmeýän ýaly duýulsa-da, wagtyň hiç haçan gutarmaýandygyna ünsi çekip, wagt bilen baglanyşykly pelsepäni öňe sürýär. Çünki wagt akyp barýan suw ýaly. Onuň çäginde tutup ýetişeniň özüniňki. Esli ýaşa ýetip, ýaşlygyňda edip ýetişmedik işleriň ahmyryny çekip oturmazy ýaly, wagty mydama tygşytly tutup ýaşamaga çalyşmaly.
«Baky Bitaraplyk ― parahatçylygyň binýady» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygyndan soň gürrüňdeş bolan adamlarymyz hem muny ikeläp goldadylar. Olar ýüpek gurçugyny idetmegiň gyzgalanly döwründe sähelçe wagtam ýitirmän, ýaltanman zähmet çekýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Şol pursatda galamdaşymyz Akmyrat Rejebowyň okap beren «Lebabyň» atly goşgusyndaky:

Jeýhun derýanyň degrä-daşy jeňňellik,
Gül kenary uçmahylyk, jennetlik.
Bu gün oňa seýran eýläp, jemlendik,
Ol dur gözelligiň şasy, Lebabyň―

ýaýly mahabatly sözleri olaryň güýjüne güýç, gaýratyna gaýrat goşandygyňa bizde şek-şübhe galmady.
Ýüregimizde bolsa ol ýerde ýaşap, işläp, wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşyp ýören Arzuw Rahmanowa ýaly ýaşlarymyza çäksiz buýsanç döredi.

Ine-de, Kerkini, oňa degişli bolan Astanababa ýaly gadymy ýadygärlikleri, Magtymguly atamyzyň okan ýeri bolan Halajy yzda galdyryp, Saýat etrabyny nazarlap barýarys. Aňymda «Çohpetde» diýen söz gaýtalanýar. Aslynda, ol obanyň ady. Ýöne ussat galamdaşymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwlet aganyň ― Döwletgeldi Annamyradowyň obasy bolan soň, onuň ady maňa diýseň tanyş. Çünki şahyrymyz ony taryp edip bilipdir. Hana-da, ak guşlar uçup ýör. Olar şu mekanda dünýä inen Hudaýguly Allamyradowyň «Akja kepderi» goşgusyny ýadyma salýar. Parahatçylygyň nyşany bolan ol guşa ― kepderä bagyşlanan goşgy Hudaýguly aga abraý getirdi.

Meň özümem Hudaýguly agany gowy tanaýardym. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda işleýän gazetimize häli-şindi gelen durardy. Ellem goşgy ýazylan kagyzlydyr. Bu ýatlamalar göz önümde çaga ýaly bu pespäl adam bilen baglanyşykly ýakymly duýgulary oýardy.

«Ýola düşen ýol aşar» diýlişi ýaly, ýeňil ýol ulagymyz bizi arzyly menzile ýetirdi.
Gelip düşen ýerimizde «Medeniýet öýi» diýen ýazga gözüm düşdi. Ol welaýatynyň Saýat etrabynyň Berkarar zaman oba medeniýet öýi eken. Şu günki ýaly ýadymyzda, bu oba uly dabaralar beslenip açylypdy. Onuň sanlyja ýyllaryň içinde gülläp, ösüşlere beslenendigi haýrana goýýar.

Hawa, şol sapardaky sowal-jogap arkaly dowam eden çykyşlarymyz, okalan goşgylar oba adamlary tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olaryň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowanyň ýerine ýetirýän aýdymlaryna gaýta-gaýta isleg bildirmegi aýdym-saza goýýan sarpalarynyň nyşany bolup duýuldy. Ol aýdymlaryň aglaba bölegi eje hakyndady. Beýle aýdymlar bolsa mydama-da ýürekleri heýjana getirýär, ejeler bilen baglanyşykly ýakymly ýatlamalary oýarýar.

Bu ýerindäki çykyşymyz tamamlananda, Gün eýýäm öýleden agypdy. Tä gaýdyançak garap duran gözlerde döredijilik adamlaryna mähiribanlyk bardy.
Bu pursatlar meni bir ygtyýar çagalyk ýyllary masary alyp gitdi.
Ol ýyllarda obamyza artistler çykyş etmäge gelýärdiler. Şeýle çykyşlar başga welaýatlaryň pagta meýdanlarynda, dürli ugurda zähmet çekýän adamlaryň arasynda hem guralýardy. Menem çagalygymdan döredijiligi söýýänleriň biri bolamsoň, ilki bilen ylgaýanlaryň biridir. Olar gaýtmakçy bolanlarynda bolsa, bir hili bozulardym. Tä gözden ýitýänçäler gözüm bilen ugradardym. Esasy zat bolsa, olaryň çykyşlary uzak wagtlap ýüregimden gitmezdi. Bu görnüşleri synlap, öz çykyşlarymyzyň hem adamlarda ýakymly täsirleri galdyrandygyma ýüregim bilen ynandym.

Ýaşyp barýan Gün bilen ýaryşyp, Türkmenabat şäherine sary ýola düşdük.
Çünki onuň ertesi gün irden bize Lebap welaýat kitaphanasynda geçirjek döredijilik duşuşygy garaşýardy...

Bu döredijilik duşuşygy hem täsirli bolup, onda welaýatyň şahyrlary hem buýsançly goşgylaryny okap, alymlar çykyş etdiler.
Saparymyzyň jemi welaýatyň Çärjew etrabynyň Kölaryk oba medeniýet öýünde guralan edebi-sazly duşuşyk bilen jemlendi. Ol gün çisňäp ýagyş ýagyýardy. Adatça, ýagşyň ýagmagy köp adamlary, hasam toprak bilen iş salyşýan oba adamlaryny begenndirýär. Şonuň üçinem ol günki ýagan ýagşyam biz rysgal, bereket bilen baglanyşdyrdyk.

Dünýämde ýüzüp ýör asmanyňdaky Aý,
Tapylsyn herkime, goý, mynasyp taý,
Bu başyma müňbir hyýal, pikir-oý
Gonu berýär, ýagyş ýagyp başlanda―

ýaýly goşgy setirlerini okamak bilen bolsa, adamlara iň gowy zatlary arzuw etdik.
Ýüreklerimizi süýji oýdur ýatlamalardan,
«Zähmetsöýer ili bardyr, Lebabyň!» diýen setirlerden püräpürläp, welaýatyň zähmetsöýer, merdana adamlary bilen hoşlaşyp, Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyza sary ýola düşdik.