Portugaliýa milletler ligasynyň ýeňijisi boldy — finalda Ispaniýadan üstün geldi
Milletler ligasynyň finaly dramatik 11 metrlik jerime ugrusynyň seriýasy bilen tamamlandy — Portugaliýa Ispaniýany ýeňip, kubogy gazandy. Janköýerleri tolgundyran duşuşygyň jikme-jikleri makalada.

Portugaliýanyň milli ýygyndysy UEFA-nyň Milletler ligasynyň çempiony boldy. Olar finalda Ispaniýa bilen 2:2 hasap bilen deňme-deň oýnap, 11 metrlik jerime ugrusy seriýasynda 5:3 üstün çykdy.
Oýnuň gidişi:
Duşuşygyň ilkinji ýarymynda toparlar biri-birine gol geçirdiler. 21-nji minutda Martin Subimendi hasaby açdy, emma bäş minutdan soň Nunu Mendeş hasaby deňledi. Birinji ýarymyň gutarmagynyň öň ýany Mikel Oýarsabal Ispaniýanyň ikinji goluny geçirip, olary öňe çykardy — 2:1.
61-nji minutda bolsa Kriştianu Ronaldu möhüm gol geçirip, hasaby 2:2 etdi. Galan wagtda toparlar deň derejeli oýnap, duşuşyk 11 metrlik urgularyna geçdi.
11 metrlik ugry seriýasy:
11 metrlik urgy tapgyrynda portugaliýaly futbolçylar has takyk çykyş etdiler. Ýeňiş getiren urguny Rýuben Neweş ýerine ýetirdi. Ispaniýalylar üç gezek dürs urup bildiler, emma Portugaliýa bäş urgynyň ählisini dürs ýerine ýetirdi.
Bu duşuşyk Ronaldu we bütin milli ýygyndy üçin taryhy waka boldy — Portugaliýa ýene-de Ýewropanyň futbol elitasyna degişlidigini subut etdi.