Sessiz gülki döretmegiň ussady

Sessiz gülki döretmegiň ussady Çarli Çaplin 1889-njy ýylyň 16-njy aprelinde Beýik Britaniýada, estrada teatrynyň artistiniň maşgalasynda dünýä inýär. Ol bäş ýaşynda ilkinji gezek sahnada çykyş edýär. Ene-atasynyň dünýäden ötmegi sebäpli, Çarli çagalygyndan gazanç etmeli bolýar. Ene-atasynyň tanyşlarynyň goldawy bilen Çaplin «Lankaşirli sekiz ýigit» atly tans toparyna kabul edilýär. 1903-nji ýylda bolsa teatrda işläp başlaýar. Şol ýyl oňa «Şerlok Holms» atly spektaklda keşp ynanýarlar. Bu ýagdaýlar onuň özüni sungat äleminde-de, durmuşda-da ynamly duýmagyna uly täsirini ýetirýär. 1908-nji ýylda Fred Karnonyň pantomimaçylar toparyna goşulmagy bilen Çaplin özüniň zehinini doly derejede açmak mümkinçiligine eýe bolýar. Kem-kemden ol toparyň esasy ýyldyzyna öwrülýär. Onuň «Iňlis estrada teatryndaky gije» atly gysgajyk sahnadaky keşbi amerikan tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Döredijilik topary bilen ABŞ-nyň şäherlerine amala aşyran saparynyň dowamynda Çaplin Mak Sennet tarapyndan esaslandyrylan «Keystone Studios» studiýasy bilen şertnama baglaşýar we Los-Anželese göçüp barýar. Ol kinodaky ilkinji keşbini «Güzeran üçin gazanç» atly filmde döredýär. Ol ýerine ýetirýän keşbiniň şowly çykmagy üçin jan edýär. Egin-başyny özüçe düzedip, gülküli görnüşe getirýär. Ol lybas soňlugy bilen Çapliniň meşhur Sergezdanynyň keşbini emele getirýär. Çapliniň meşhurlygy ýylsaýyn artýar. 1916-njy ýylda ol «Essanay Studios» kinostudiýasy bilen 12 sany filmi surata düşürmek barada şertnama baglaşýar. Çaplin «Onuň täze işi» atly filmiň edebi esasyny ýazýar, oňa režissýorlyk hem edýär, keşbem janlandyrýar. Şondan kän wagt geçmänkä, «Çempion», «Sergezdan», «Zenan», «Estrada teatryndaky gije» atly filmler tomaşaçylara ýetirilýär. Ol filmleri surata düşürip bolan badyna Çaplin Nýu-Ýorka gidip, «Mutual Film Corporation» studiýasy bilen uly mukdardaky şertnama baglaşýar. Şeýlelikde, «Ümsüm köçe», «Immigrant» ýaly filmler döreýär. Ol film gahrymanlarynyň «gepläp» ugramagynyň kinonyň lezzetini peseltjekdigine ynanypdyr. Şonuň üçinem sesli filmlere geçmäge howlukmandyr. Geçen asyryň 30njy ýyllarynda surata düşüren «Uly şäheriň çyralary», «Täze döwürler» atly filmlerinde saz goýberse-de, gahrymanlary «gürletmekden» saklanypdyr. Her niçigem bolsa ol 1940-njy ýylda dolulygyna sesli filmi surata düşürýär. 1919-njy ýylda Çaplin amerikan kinematograflary Dewid Griffit, Meri Pikford we Duglas Ferbenks bilen bilelikde «United Artists» atly hususy kinokompaniýany döredýär. Bu studiýada surata düşürilen «Parižli zenan», «Altyna kowalaşma», «Sirk» ýaly filmler dünýä kinosynyň merjenleri hökmünde ykrar edildi. Surata düşüren filmleriniň altysy ABŞ-nyň kongresiniň kitaphanasyndaky «Çeper filmleriň milli sanawyna» kabul edilen meşhur režissýor Çarli Çaplin 1977-nji ýylyň 25-nji dekabrynda dünýäden ötýär.