Ýagny: Alym “öz aňyňy nädip oýarmaly” diýen tema barada gürrüň berdi
Söhbetdeşlik: beýik aň ýagdaýlary hakykaty duýuşy hemişelik üýtgedip biler
Käbir adamlar daş-töweregindäki ähli zatlaryň adatdan daşary ýagty, janly we manyly bolup görünýän, özüni dünýä bilen bölýän araçäkleriň ýitýän aýratyn pursatlaryny başdan geçirýändiklerini aýdýarlar. Psihologlar muny aňyň oýanmak tejribesi — duýgularyň giňeýän, dünýäni täzeçe görýän gysga wagtlyk ýagdaýy diýip atlandyrýarlar. Bu ýagdaý adamyň ýaşaýşa bolan garaýşyny üýtgedip biler. Britaniýaly psiholog Stiw Teýlor şeýle ýagdaýlary 15 ýyldan gowrak wagt bäri öwrenýär we olaryň käbir kanunalaýyk sebäpleriniň bardygyny aýdýar. Onuň maglumatlaryna görä, aň oýanmagyna sebäp bolup bilýän üç esasy «triger» bar. Bu iş The Conversation žurnalynda neşir edildi.
Birinji sebäbi — psihologik krizis: stres, depressiýa ýa-da ýitgi. Işine gatnaşanlaryň takmynan üçden biri iň agyr sarsgyn döwründe duýdansyz ýagdaýda içki asudalygyň we dünýä bilen bitewüligiň duýgusyny başdan geçirenini aýdypdyr.
Ikinji sebäbi — tebigat bilen aragatnaşyk. Sorag edilenleriň dörtden biri çemesi tebigatyň owadan keşbini synlanda, deňizde suwa düşende ýa-da daglarda gezelenç edende çuňňur duýgulary başdan geçirendigini aýdypdyr. “Men hemmäniň bir bölegi ýaly duýdum, tebigat bilen doly sazlaşykda boldum” diýip, bir gatnaşyjy gürrüň berdi.
Üçünji sebäbi — ruhy tejribeler, ýagny meditasiýa, doga dileg ýa-da ýoga. Şeýle amallar içki asudalygy döredýär, ünsüňi güýçlendirýär we dünýägaraýşy arassalaýar.
Teýloryň sözlerine görä, şeýle pursatlarda “awtomatiki” düşünmek we duýmak peselýär: adaty üns süzgüçleri gowşap, adam dünýäni täzeçe görýär. Käwagt bolsa beýle ýagdaý durnukly asudalykdan däl-de, güýçli duýguly sarsgynlykdan gelip çykýar — “adaty düşünje shemalarynyň wagtlaýyn ýumrulmagy” ego çäklerinden çykmaga sebäp bolup biler.
Ylmy barlaglar görkezýär: aň oýanmagy uzak möhletli täsir döredip biler — ynam, optimizm we ýaşaýyşa bolan baglanyşyk duýgusy güýçlenýär.
“Hatda bu tejribe diňe birnäçe minut dowam eden hem bolsa, ol adamyň durmuşyndaky iň möhüm waka bolup galýar” diýip, alym belledi.
Şeýle ýagdaýlary isleg bilen döretmek mümkin bolmasa-da, olaryň ýüze çykma ähtimallygyny artdyrmak bolýar — meselem, meditasiýa ýa-da tebigatda özüňi duýmak arkaly içki asudalyga şert döretmek bolup durýar.
