Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini garşylady

Awg 5, 2025 - 10:43
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentini garşylady
Surat: akorda.kz

4-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gonan uçarynyň ýanynda belent mertebeli myhman mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen mähirli salamlaşyp, oňa çakylygy kabul edendigi we Türkmenistanda geçirilýän bu halkara maslahata gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul ediljek çözgütleriň talabalaýyk ýerine ýetiriljekdigini nygtap, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bu halkara maslahata gatnaşmagy özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, halkara maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.