Türkmenistanda kartografiýa boýunça geçirilen ilkinji olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

Dek 19, 2025 - 19:59
Türkmenistanda kartografiýa boýunça geçirilen ilkinji olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 17-nji dekabrda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen kartografiýa boýunça ilkinji internet olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi.

Olimpiada ýurduň 21 ýokary okuw mekdebinden 105 talyp gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri şahsy we toparlaýyn hasapda jemlenildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Şahsy hasap boýunça 9 gatnaşyjy baýrakly orunlara mynasyp boldy:

  • I orun – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Muhammet Amanow we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Aziza Gurbanbaýewa.

  • II orun – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Gulberdi Orazow, Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby Gündogdy Aýmämmedow we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Oguldursun Nejimeddinowa.

  • III orun – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Saparmyrat Nazarow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ysmaýyl Hojanepesow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Sährа Bäşimowa we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Ýaran Gurbanow.

Toparlaýyn hasap boýunça netijeler aşakdaky ýaly:

  • I orun – Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty.

  • II orun – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we Türkmenistanyň Serhet instituty.

  • III orun – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty.

Türkmen ýokary okuw mekdebi tarapyndan ilkinji gezek geçirilen kartografiýa boýunça olimpiada zehinli, giň düşünjeli we bilimli ýaşlary ýüze çykarmakda hem-de bu ugur boýunça taýýarlyk derejesini kesgitlemekde netijeli meýdança bolup hyzmat etdi diýlip, habarda bellenilýär.