Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy T.Narbaýewanyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň yzygiderli tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlygynyň netijeli dowam etdirilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Munuň şeýledigine ýurtlaryň wekiliýetleriniň birek-biregiň ýurdunda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşmaklary, köptaraplaýyn dialoglaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär.
Bellenilişi ýaly, şeýle çäreleriň we saparlaryň guralmagy parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, özara tagallalary utgaşdyrmaga, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky halkara maslahat we onuň çäklerinde geçirilen Parlament forumynyň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetiniň uly boljakdygy nygtaldy.