Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH (Türkmen döwlet habarlar gullugy) habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karin Keller-Zuttere tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.