Hytaýda reaktiw uçýan sumka (rýukzak) görkezildi

Noý 7, 2025 - 11:15
Hytaýda reaktiw uçýan sumka (rýukzak) görkezildi

Hytaýyň Huçžou barlag institutynyň (Žejszýan uniwersiteti) inženerler topary adamyň howada hereket etmegine mümkinçilik berýän reaktiw uçýan sumka (rýukzak) boýunça üstünlikli synag uçuşlaryny geçirdi.

Report neşiriniň Hytaýyň Merkezi telewideniýesine salgylanyp beren habaryna görä, şeýle şahsy uçuş enjamyny dolandyrýan uçarman tizligi sagatda 100 km çenli ösdürip bilýär.

«Bu rýukzagy işläp taýýarlamak üç-dört ýyl, uçuş synaglary bolsa iki ýyl dowam etdi. Bu biziň iň kämil we doly taýýarlanan ulgamymyz» diýip, JetRob toparynyň inženeri Sýa Boçzin aýtdy. Ol synag maksatlary üçin gysga demonstrasion uçuş hem geçirdi.

Enjam bäş sany reaktiw motordan ybarat. Ýangyç baklary reaktiw uçýan sumkanyň iki gapdyna ýerleşdirilen. Onuň boş agramy 31 kilogramm, doly ýangyç bilen bolsa 46 kilogramma ýetýär. Uçarman howada 3–5 minut aralygynda bolup bilýär. Enjam ýerden 2 metr belentlige çenli göterilip bilýär, emma ony deňiz derejesinden 1500 metre çenli belentlikde ýerleşýän ýerlerde ulanmak mümkin.

Sýa Boçziniň bellemegine görä, eaktiw uçýan sumkany howpsuz we ýuwaş dolandyrmagy öwrenmek üçin belli bir wagt gerek — bu ýagdaý tigir sürmegi öwrenmäge meňzeýär. Geljekde, onuň sözüne görä, şeýle reaktiw uçýan sumkalary gumanioid robotlar hem dolandyrmaga öwrenip bilerler, bu bolsa olara howply ýa-da kyn ýerlerde uçuşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.