Bir­ tut­lu­şyk ­üçin­ 132 ­mil­lion ­go­no­rar

Iýul 28, 2025 - 15:12
Bir­ tut­lu­şyk ­üçin­ 132 ­mil­lion ­go­no­rar

Professional boksda iň agyr agramyň ýeke-täk çempiony Aleksandr Usik britaniýaly Daniýel Dýubuwa bilen geçiren soňky söweşi üçin rekord möçberde gonorar aldy.

Tutluşygyň umumy gonorary 203,5 million amerikan dollaryna deň bolup, şonuň 132,28 milliony Usige, galan 71,22 milliony bolsa Dýubuwa berildi.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, bu iki boksçy 2023-nji ýylda geçiren özara söweşi üçin degişlilikde diňe 6 million we 2 million amerikan dollary möçberinde gonorar alypdylar.

Ýeri gelende bellesek, Aleksandr Usik mundan ozal iň uly gonorara Taýson Fýuri bilen geçirmegi meýilleşdirilen tutluşykda eýe çykypdy. Şol söweş üçin oňa 114 million amerikan dollary tölenipdir.

Maglumat üçin: Aleksandr Usik Daniýel Dýubuany ýeňlişe sezewar edenden soň, iki gezek professional boksda iň agyr agramyň ýeke-täk çempiony bolmagy başaran ilkinji türgen hökmünde taryha girdi.