Uzynadada üç sany täze guýy önümçilige goýberildi

Dek 2, 2025 - 10:17
Uzynadada üç sany täze guýy önümçilige goýberildi
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hünärmenleri geljegine uly umyt bildirilýän Uzynada baýlyklar käninde birbada üç guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Guýulardan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy diýlip, «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki taslama çuňlugy 6800 metr bolan 72-nji we 86-njy ulanyş guýularynyň 6720 we 6785 metr çuňluklarynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar.

Guýulardan çykymy bir gije-gündizde degişlilikde, 44 we 43 tonna golaý gaz kondensaty we 20 müň hem-de 18 müň kub metr gaz alynýar.

«Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary hem ýakynda Uzynada känindäki 87-nji ulanyş guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Taslama çuňlugy 6800 metr bolan bu guýudan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündizde 45 tonnadan gowrak gaz kondensatyny we 45 müň kub metr «mawy ýangyç» berýär.

Önümli guýular tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi.