Alkogolizmiň ösmegine garaşylmadyk sebäp görkezildi
Alkogol: sagdyn iýmitlenmäge duýdansyz geçmek alkogola bolan islegi güýçlendirýär
Ýagny, ýagly we şekerli iýmitden duýdansyz el çekip, sagdyn iýmitlenmä geçmek alkogola bolan islegi güýçlendirip biler. Bu ýagdaý Alcohol: Clinical and Experimental Research atly žurnalda neşir edilen ylmy barlagda görkezilýär.
Barlaglar laboratorýa syçanlarynda geçirildi. Ilkinji tapgyrda olara ýagly we şekerli, kaloriýasy ýokary iýmit berlipdir. Soň bolsa olary duýdansyz ýagdaýda sagdyn iýmitlenmä geçirdiler. Alymlaryň garaşmadyk ýagdaýynda, syçanlar ýörelgeler boýunça geçirilýän synaglarda suwuň ýerine köplenç alkogoly saýlap başlapdyrlar.
Alymlaryň düşündirişine görä, esasy sebäp — iýmitiň duýdansyz üýtgemeginden soň ýüze çykan içege mikroflorasynyň özgermegidir. Bakteriýalaryň deňagramlylygynyň bozulmagy beýniniň lezzet we höwes sistemasyna täsir edýän maddalaryň öndürilmegine sebäp bolupdyr. Şol sistema bolsa, adamyň lezzet almak we endik emele getirmek ukybyny dolandyrýar. Netijede beýni «özüni täzeden sazlaýar»: ýagly we süýji iýmit ýaly lezzet çeşmesinden mahrum bolan bedende, beýni täze çalşygyny gözleýär.
«Adam adaty, emma zyýanly iýmitden duýdansyz ýüz öwürende, onuň içegesindäki bakteriýalar arasynda utgaşmalar bolup geçýär. Şol içki deňsizlik alkogol içmäge bolan islegi döredip biler,» diýip, alymlar düşündirdiler.
Makalanyň awtorlary bu netijeleri sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde göz öňünde tutmagyň möhümdigini belleýärler. Iýmitlenmäniň duýdansyz üýtgemegi diňe organizme stres döretmän, eýsem, psihika üçin hem garaşylmadyk netijeleri getirip biler. Aýratynam, alkogoly suistimal etmäge maýyl adamlaryň ünsli bolmagy zerur — iýmitdäki üýtgeşmeler bar bolan meseläni güýçlendirip biler.
Alymlar endikleri üýtgetmegiň has dogry usuly hökmünde zyýanly önümleriň paýyny ýuwaş-ýuwaşdan azaltmagy maslahat berýärler. Şeýdip, içege mikroflorasy täze şertlere uýgunlaşmaga ýetişer. Şeýle çemeleşme diňe howplaryň öňüni almak bilen çäklenmän, sagdyn endikleri-de bedene goşmaça stres döretmezden berkitmäge ýardam eder.
