Ýapon alymlar sygyrlary zebranyň keşbinde reňkländikleri üçin Şnobel baýragyny aldylar
Ýapon alymlary haýwanlaryň bedeninde gara-ak zolaklaryň goraýyş häsiýetlerini açandyklary üçin biologiýa ugry boýunça Şnobel baýragyna mynasyp boldy. Bu barada «Ig Nobel Prize» baýragynyň saýtynda habar berildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Biz gan sorujy bökelekleriň we siňekleriň endamyna zebranyňka meňzeş gara-ak zolaklar çekilen sygyrlara az hüjüm edýändiklerini subut edendigimiz üçin bu baýragy alýandygymyza örän şatdyrys» diýip, Ýaponiýanyň Oba hojalyk we iýmit ylmy barlaglary milli guramasynyň işgäri Tomoki Kodzima aýtdy.
Ýagny 2019-njy ýylyň oktýabrynda Kodzimanyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary özleriniň täsin ylmy barlaglarynyň netijesini çap etdiler. Onda göwresine zebranyňky ýaly gorag zolaklary çyzylan sygyrlara siňekleriň we gögeýinleriň az hüjüm edýändigi beýan edilýär. Mundan birnäçe ýyl öň britan alymlarynyň-da gyzykly açyş edendikleri bellenýär, oňa görä, zebranyň zolaklary mör-möjeklere onuň bedenindäki howply zolaga çenli aralygy kesgitlemäge päsgel berýär. Sygyrlaryň bedenine zolaklaryň çekilmegi ony gan sorujylaryň ýüregedüşgünç çozuşlaryndan goramaga ýardam eder.
Alymlar synag wagty ak sygyrlara gara, gara sygyrlara ak zolaklary çekdiler we siňekleriň çozuşlarynyň ýygylygyny hasapladylar. Netije haýran galdyrdy: sygyrlaryň endamyna gonýan gögeýinleriň sany iki esse azaldy. Ylmy barlagyň awtorlary bu usul fermerler üçin peýdaly bolar diýip, hasap edýärler.
