Ýaponiýada dünýäniň iň "dykyz" kwant kompýuteri — 256 kubitlik enjam işe girizildi
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Ýaponiýanyň RIKEN ylmy agentliginiň we Fujitsu kompaniýasynyň hünärmenleri dünýäniň iň uly we iň dykyz ýerleşdirilen 256 kubitlik kwant kompýuterini işe girizdiler. Bu ädim diňe bir inženerçilik taýdan ägirt uly ösüş bolman, eýsem energiýa tygşytlylygy we kubitleriň ýerleşiş tehnologiýasy babatda-da möhüm ösüş hökmünde kabul edilýär. Şeýle ulgamlar giň gerimli kwant ulgamlarynyň döredilmegine ýol açýar.

Esasy aýratynlyklary:
-
3D arhitektura ulanyldy — her modulda 4 kubit bar
-
Iş temperaturasy: 20 millikelwin (ýagny, absolýut nol derejesine örän ýakyn)
-
Kuwwatlyk sarp edişi: güýçlendirijilerde energiýa sarp edilişi 60%-den gowrak azaltmaly edildi
-
Kabel birikmeleri: ýokary dykyzlyk bilen ýerine ýetirildi
Bu enjam häzirki wagtda dünýä boýunça kubitleriň iň ýokary dykyzlykda ýerleşdirilen nusgasydyr — kubitleriň sany dört esse artdyryldy, emma korpusyň ululygy üýtgemedi.
Fujitsu, 2026-njy ýyla çenli 1000 kubitlik kwant kompýuterini döretmegi meýilleşdirýär. Uzak möhletli meýilnamalarda bolsa, bu ulgamlar millionlarça kubitli gurluşlara ýetmeli, bu bolsa kriptoanaliz, täze materiallaryň modellendirilmegi ýaly hakyky dünýä meseleleriniň çözülmegine ýol açar.
Täze 256-kubitlik ulgam eýýäm oblako (bulut) platformasy arkaly elýeterlidir. Ilkinji ulanyjylaryň arasynda Ýaponiýanyň maliýe we himiýa pudagyndaky kompaniýalar bar. Geljekde bu hyzmatdaşlygyň halkara derejesinde giňeldilmegine garaşylýar.