ÝB Türkmenistana 205 müň ýewrodan gowrak bahasy bolan kinologlar üçin ýörite awtoulaglary gowşurdy

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek boýunça BOMKA 10 Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna kinologik gulluklar üçin niýetlenen iki sany ýöriteleşdirilen awtoulag gowşuryldy.

Awg 22, 2025 - 08:39
Awg 22, 2025 - 08:41
ÝB Türkmenistana 205 müň ýewrodan gowrak bahasy bolan kinologlar üçin ýörite awtoulaglary gowşurdy

Tehnikanyň umumy bahasy 205 130,44 ýewro boldy. Gowşuryş dabarasy 20-nji awgustda geçirildi, bu barada maksatnamanyň resmi sahypasynda — bomca-eu.org habar berilýär.

Bu awtoulaglar kinologlaryň we gulluk itleriniň daşalmagy üçin niýetlenendir. Munuň özi kinologik bölümleriň hereket çeýeligini we iş netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berer. Awto ulaglaryň biri Aşgabatdaky Merkezi kinologiýa merkezinde, beýlekisi bolsa Mary şäherindäki Seržantlary we hünärmenleri taýýarlamak mekdebiniň Atly-kinologik okuw merkezinde ulanylar.

Dabaranyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň bellemegine görä, ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda serhet dolandyryşy babatyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen BOMKA 10 maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Kinologik gullugynyň başlygy Dowletmyrat Gurtlyýew öz çykyşynda berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirip, täze tehnikalaryň ýurdumyz boýunça ähli kinologik bölümleriň taýýarlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrjakdygyny aýtdy. Şeýle hem, ol sebitiň serhet we gümrük edaralarynyň kinologik hyzmatlaryny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.

Tehniki enjamlar “Bozulmalary ýüze çykarmak ukybyny ýokarlandyrmak” atly maksatnamanyň komponentiniň çäklerinde gowşuryldy. Bu komponent hukuk goraýjy edaralara derňew we operatiw çärelerde goldaw bermäge gönükdirilendir.