Gadymy Kerki şäheriniň taryhy gözelligi

Gojaman Jeýhunyň orta akymynda ýerleşýän, geçmizde «Zemm, Kerküh» diýlip atlandyrylan Kerki şäheri ýurdumyzyň çägindäki gadymy şäherleriň biridir. Sebäbi arheologiýa tarapyndan öwrenen alym W. N. Pilipko bu ýerde oturymy ýaşaýyş eýämizden öňki birinji müňýyllygyň ortalarynda başlanandygyny ýüze çykarypdyr. Arheolog we taryhçy alym E. W. Rtweladze paýmyzdaky ikinji asyryňda ýaşap geçen grek alymy K. Ptolemýiň «Geografiýa boýunça gollanma» atly kitabynda agzap geçýän Haraharta şäheriniň Kerki çäklerinde ýerleşendigini we bu ady «Şa şäheri» diýýän manyny berýändigini çaklaýar. Şeýle hem X asyrda samanitler döwletiniň weziri bolan taryhçy Amırak Balamynyň maglumatlaryna görä, Termiz we Kubadiýon bilen bir hatarda Zemm şäherine çäginiň uludygy we sak galasynyň bardygy üçin «Şa şäheri» diýlipdir.

Iýul 24, 2025 - 13:06
Iýul 24, 2025 - 16:03
Gadymy Kerki şäheriniň taryhy gözelligi

«VII asyryň ermeni geografýasy» atly eserde we IX asyrda ýaşap geçen arap taryhçysy Ahmet al-Balazuriniň eserinde VII asyrdan bäri häzirki Kerki şäheriniň Zemm ady agzalan başlanýar. Al-Balazuri Buhara bilen derýanyň aralygyndaky iň ýakyn ýoluň Zemmiň ýanyndaky derýa geçelgesinden gaýdýandygyny ýazypdyr. IX — X asyrlarda ýaşan taryhçy Muhammad at-Tabari hem «Pygamberleriň we şalaryň taryhy» atly eserinde şol döwürlerde şäheriň ýanynda derýanyň geçelgesiniň we Banker atly uly galanyň bardygyny agzap geçýär.

X asyr arap syýasy hatçy Abu Abdilla al-Mukaddasi (Makdisi) «Ýurtlary öwrenmek üçin iň gowy bölüşdirme» atly eserinde Zemmiň derýanyň kenarynda uly şäherdigini, esasynda metjidiniň basyrmaly howlusynyň bazaryň içinde ýerleşendigini, şähere suwunyň Jeýhundan gelýändigini, hatda orak möwsüminde derýanyň joşup, onuň ortasyna çen ýetýändigini we Kerkühan Nahr atly derýanyň geçelgesiniň bardygyny ýazypdyr. X asyrda ýaşap geçen başga bir arap syýasy hatçy Abu Ishak al-Isthahri «Ýollaryň we döwletleriň kitaby» atly eserinde ululygy boýunça Zemmiň Amul bilen deňeçerdigimi, ýöne ilatyň sanynyň ondan azdygyny, şeýle hem Akar suwunyň, baglyklarynyň, ekin meýdanlarynyň bardygyny we daş-töwereginiň çöllükleriň gurşap alandygyny nygtaýar.

XIII asyr arap taryhçysy Abu Abdallah Yakut al-Hamawi bolsa «Elipbiý boýunça ýurtlaryň sanawy» atly sözlüginde Zemm welaýatyň tabynlygynda bolanlygy üçin Amul şäheriniň «Zemmiň Amuly» diýlip atlandyrylýandygyny belleýär. Şäheriň Zemm ady Amul bilen bilelikde pars şahyry Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde hem agzalýar. Orta asyryň ortalaryndan başlap, şäheriň Zemm ady bilen bilelikde Kerküh ady hem ýörgünli bolupdyr. Zemmiň ýanyndaky geçelge orta asyrlar döwründe Amyderýasynyň geçelgeleriniň arasynda iň möhümleri biri bolup, Hindistan, Merwer rud we Guzganan (Owganystan) bilen Mawerannahryň arasynda ýerleşýän kerwen ýollary onuň üstünden geçipdir.

Orta asyr taryhçylarynyň maglumatlaryna görä, Kerkiniň gabadynda, derýanyň sag tarapynda, oňa tabynlykdaky Ahsisak (Kerkiçi) şäheri ýerleşipdir. 1863-nji ýylda Kerkide bolan wenger alymy A. Wamberi «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynda derýanyň sag tarapynda kiçi bir galanyň, çep tarapynda bolsa üç hatar haýatlar bilen gurşalan serhet galasynyň we onuň daşynda ýerleşen beýik diwar we garym bilen goraýan şäheriň bardygyny belläpdir.

Kerki şäheriniň gelip çykyşy barada alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşünjeli sözlügi» kitabynda: «Kerki sözi, megerem, ker we kuh diýen iki bölekden ybarat bolup, «dagdaky (dagyň üstündäki) gala» diýen manyny aňladýan bolsa gerek, sebäbi parsça «kuh» – «dag» diýmekdir, «kar» sözüne bolsa «gala» atlarynda köp duş gelýär» diýip düşündiriş berýär.

Dürli döwürlerde Zemm, Kerküh, häzirki wagtda bolsa Kerki diýlip atlandyrylan gadymy şäher geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm söwda merkezleriniň biri bolupdyr. Ol uzak ýurtlarda hem meşhurlyk gazanypdyr. Bu gadymy şäherde geçmişden miras galan galalar, desgalary bar. Gadymy şäherdäki taryhy-medeni ýadygärlikler goralyp  saklanýar we geljekki nesillere miras galdyrylýar.