Ýer ýüzünde düşündirip bolmaýan magnit bozgaklygy ýüze çykdy — RAN alymlary geň galdyran hadysa barada
10-njy sentýabr gijesi, Ýer ýüzünde garaşylmadyk magnit bozgaklygy ýüze çykdy.

Bu hadysa hiç bir ylmy proqnozda öňünden bellenilmedik. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astrofizikasy laboratoriýasy resmi Telegram kanalynda habar berdi.
"Bu magnit bozgaklygy doly düşündirip bolmaýar we örän geň galdyryjy ýagdaýdyr. Proqnozlaryň hemmesi “ýaşyl” derejesindedi, ýagny hiç hili howply ýagdaý garaşylmaýardy", — diýilýär alymlaryň beýanatynda.
Näme boldy?
Adatça, magnit bozgaklyklarynyň sebäbi Gün ýeliniň güýçli tolkunlary bolýar. Emma bu gezek Gün tarapdan hiç hili üýtgeşme ýa-da tolkun ýokdy. Ähli ölçegler kadalydy.
"Geň galdyryjy zat diňe bir hadysanyň bolmagy däl, eýsem, hatda soňundan seredilende-de, onuň sebäbini tapmak mümkin däl", — diýip belleýär alymlar.
Aýdyň düşündiriş – "subburýa" hadysasy
Bu ýagdaý üçin ýeke-täk ylmy düşündiriş hökmünde uly subburýanyň ýüze çykmagy görkezilýär. Bu — magnitosferanyň öz içinde, daşarky täsir bolmazdan energiýa boşadýan ýagdaýydyr.
Bu ýylyň ilkinji şeýle ululykdaky hadysasy
Bu ýyl ilkinji gezek şeýle ululykdaky magnit bozgaklygy resmi taýdan bellendi. Alymlar, ýokary Gün aktiwliginiň fonunda başga şuňa meňzeş hadysalaryň hem gözden gaçan bolmagynyň mümkinçiligini boýun alýarlar.
Bozgaklygyň ýakyn 3–6 sagadyň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar.