Ykbalyň saýlan zenany — Jorjina Rodriges

Kä­bir adam­lar dün­ýä ge­len­de ola­ryň yk­ba­ly­ndaky üýt­ge­şik­lik öňün­den ýa­zylan ýa­ly bol­ýar. Ola­ryň her ädi­mi, her gür­rü­ňi, hat­da göz­le­ri­niň şöh­le­si hem adam­la­ra tä­sir ed­ýär. Jorjina Rodri­ges hem şeý­le ze­nan­la­ryň bi­ri. Ol di­ňe bir dün­ýä bel­li fut­bol­çy Kriş­tia­nu Ro­nal­dunyň maş­ga­la­sy bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, dur­muş ar­zuw­la­ry­na ýe­tip, öz ýolu­ny, öz ady­ny dö­re­dip bil­ýän, güýç­li we mä­hir­li şah­sy­ýet­dir.

Okt 11, 2025 - 10:12
Okt 11, 2025 - 10:28
Ykbalyň saýlan zenany — Jorjina Rodriges

Jorjina Rod­ri­ges 1994-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Argentinanyň Buenos-Aýres şäherinde dünýä inýär. Ol entek bir ýaşyndaka maşgalasy bilen Ispaniýanyň kiçeňräk şäherine göçüp gitmeli bolýar. Jorjinanyň kakasy Jorj Eduardo Rodriges argentinaly, ejesi Anna Mariýa bolsa, ispan­iýaly. Şol ýyllar kakasy «Hasetano» futbol toparynyň tälimçisi, ejesi bolsa, öý hojalykçydy.

Jorjinanyň çagalygy daglaryň etegindäki arassa howaly, asuda şäherde geçýär. Ol ýaşlykdan balet tansyny ýerine ýetirýär. Sport bilen meşgullanýar. Jorjina özbaşdak dünýäni gezip, öz işini gurup, baý, bolelin durmuşda ýaşamagy arzuw edýärdi. Şol sebäpli, ýaş gyz on sekiz ýaşynda uly umytlar bilen Madride gelýär. Uly şäherde birnäçe ýyl hyzmat ediş pudagynda işläninden soňra, iňlis dilini öwrenýär. Dyngysyz zähmetde geçen ýyllar onuň ýüregine sabyr, güýç berýär, maksadyna ýetmek üçin hiç wagt ýüz öwürmezlik häsiýetine eýe bolýar. Ol uly arzuw-umyt bilen gije-gündiz zähmet çekýär.

2016-njy ýylda Jorjina Madriddäki meşhur «Gucci» dükanynda satyjy bolup işleýär. Bir gün dükana gara «Bugatti» awtoulagyndan düşüp, gapydan dünýäniň iň meşhur futbolçysy Kriştianu Ronaldu gelýär. Ol gün diňe müşderi bilen satyjynyň duşuşygy däl, eýsem, iki ykbal üçin täze sahypanyň açylan güni bolýar. Ilkinji bakyş, ýylgyryş… Şol pursatda olaryň arasynda nämedir bir görünmeýän güýç emele gelýär. Ronaldu onuň mähirli, asylly häsiýetine aşyk bolýar, Jorjina bolsa meşhur futbolçynyň kalbyny görýär. Bu ykbal. Aslynda, şol gün Jorjinanyň iş sagady 17-00-da gutarmaly eken. Ýöne kärdeşiniň işe eglenip gelýänligi sebäpli, ol eglenmeli bolýar. Hemme zat öňki-öňküliginde bolanda, belki-de, bu duşuşyk bolmazdy. Bu ykbalyň onuň üçin taýýarlan sowgadydy. Az wagt geçensoň, olar köpçüligiň öňünde bile peýda bolup, habar beriş serişdelerine ykbalyny birikdirýändiklerini mälim etdiler. Şondan soň Jorjinanyň kimligi, niredendigi, daşky keşbi, häsiýeti, gündelik durmuşyndaky güýmenjeleri hemmeler üçin gyzykly bolýar. Çünki ol dünýä belli ýyldyz futbolçynyň söýgüli aýalydy.

2017-nji ýylda olaryň ilkinji gyzy — Alana Martina dünýä inýär. Jorjina diňe bir söýgüli zenan däl, eýsem, mähirli ene hökmünde hem tanalýar. Onuň üçin maşgala — dünýädäki iň uly baýlyk. 2022-nji ýylda Jorjina bilen Ronaldunyň ekiz çagalary dünýä inýär. Dogumdan soňra, körpeleriň biri ýaşaýyşdan arany üzýär. Bu ýitgi olaryň kalbyna uly agyry salýar, birek-birege direg bolup, durmuşyň, ykbalyň beren bu synagyny hem ýeňip geçýärler.

Jorjina Rodriges «UNO Models» atly modeller gullugy bilen işleşýär. Dünýä belli «Gucci», «Chanel» markalarynyň esasy ýüzi, ýagny modeli bolup hyzmat edýär. 2018-nji ýylda «Instagram» sosial ulgamynda iň meşhur ispan zenany bolmagy başarýar. 2021-nji ýylyň fewral aýynda öz şahsy egin-eşik markasyny açýar. 2022-nji ýylda onuň şahsy durmuşy barada taýýarlanan dokumental film halk köpçüligine ýetirilýär. Filmde Jorjinanyň maşgalasy, kynçylykda geçen günleri we durmuşyndaky şatlykly pursatlary beýan tapýar.

Jorjina Rodriges öz päk zähmeti, yhlasy bilen arzuwlaryny hakykata öwürýän, söýgüsini we maşgala gymmatlyklaryny gorap bilýän, kalby tämiz, ýönekeý zenan. Hernäçe meşhur bolsa-da, onuň iň uly baýlygy maşgalasyna, çagalaryna bolan söýgüsidir.