"Boýun massažynyň töwekgelçilikleri: Lukmanlar insult howpny duýdurýar"
Lahta klinikasynyň newrology Dmitriý Hutorow "Gazeta.Ru" neşirine beren beýanatynda, boýnuň traksiýa usuly bilen (döwrebap bejeriş usulynda ulanylýan el bilen süňkleri çekmek) edilýän massažynyň kähalatda insult döredip biljekdigini aýtdy.
"Massaž adatça howpsuz hasaplanýar we insult üçin töwekgelçilik faktory däl. Ýöne hakykat ýagdaýlar hem bolýar. Boýnuň agressiw traksiýa usuly bilen massaž edilmegi – bu adaty manual terapiýada ulanylýan usul – beýni gan damarlarynyň (halka ýa-da oňurga arteriýalarynyň) diwarlarynda gatlaklaýyn ýyrtyklara (disseksiýa) sebäp bolup biler. Bu bolsa, öz gezeginde, insult howpuny döredýär," – diýip lukman düşündirdi.
Şeýle-de, lukmanyň aýtmagyna görä, şeýle damar ýyrtyklarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi, birikdiriji dokumalaryň displaziýasy bilen ýaşaýan adamlarda has ýokary bolýar. Bu ýagdaýyň alamatlarynyň biri hem bogunlaryň aşa hereketliligi bolup biler. Şeýle-de genetiki taýdan ýükli bolan ýagdaýlar hem täsir edip biler.
"Eger siz gödek manual täsirli massaždan soň, boýn ýa-da kelläňiz agyrsa, gulakda urýan ses (şowhun) dörän bolsa – bu alamatlara ähmiýet bermeli. Şeýle ýagdaýda, negatiw netijeleriň öňüni almak üçin tiz wagtda lukmançylyk kömegine ýüz tutmak maslahat berilýär," – diýip Hutorow aýtdy.
