19 ýurt ŞHG-a girmek üçin ýüz tutdy
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy goşulmak üçin 19 ýurduň ýüztutmalaryna garaýar. Bu barada ŞHG-niň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýew «Izwestiýa» gazeti bilen söhbetdeşlikde habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Ýermekbaýew ol ýurtlaryň gurama agza-döwlet, hyzmatdaş ýa-da synçy hökmünde gatnaşmaga isleg bildirýändigini aýtdy. Häzirki wagtda guramanyň agzalarynyň sanynyň 27-ä ýetmegi onuň özüne çekijiligini, maksatlarynyň we gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň dünýäde köpleriňki bilen gabat gelýändigini aňladýar.
ŞHG-niň sammiti 31-nji awgust— 1-nji sentýabr aralygynda Hytaýyň Týanszin şäherinde geçdi. 20-den gowrak dünýä Lideriniň, 10 halkara guramanyň wekilleriniň gatnaşan sammitiniň jemleri boýuça hyzmatdaşlyk barada resminamalaryň 15-sine gol çekildi.
