Adamzadyň esasy ýokanç howpuna garşy täsirli täze antibiotik tapyldy
Warwik uniwersitetiniň we Monash uniwersitetiniň himikleri häzirki dermanlara durnukly howply bakteriýalara garşy täsirli täze antibiotigi tapdylar. Ol MRSA we VRE ýaly global saglygy goraýyş üçin iň howply patogenlere garşy netijelidir. Bu açyş barada Journal of the American Chemical Society (JACS) žurnalynda habar berilýär.
Alymlaryň bellemegine görä, täze antibiotik “göz öňünde gizlenip” durandygyny we ol 50 ýyl mundan ozal açylan meşhur metilenomisin A antibiotiginiň tebigy sintez ýolundaky aralyk birleşmeleriň biri bolup çykdy.
Warwik uniwersitetiniň we Monash biomedikal gözleg merkeziniň professory Greg Çallis şeýle düşündirýär:
“Metilenomisin A öňden bäri belli, onuň biosintez usullary hem birnäçe gezek geçirilipdi. Emma onuň sinteziniň aralykdaky basgançaklarynyň antibakterial täsiri hiç wagt barlanylmady. Biz biosintez üçin jogapkär bolan käbir genleri aýyranymyzda, iki täze aralyk birleşmäni tapdyk – olaryň ikisem başlangyç antibiotikden has güýçli bolup çykdy.”
Bu täze birleşmelerden biri — predmetilenomisin C lakton — metilenomisin A-dan 100 esse güýçli antibakterial täsir görkezdi. Ol Staphylococcus aureus we Enterococcus faecium ýaly bakteriýalara garşy ýokary netijelilik görkezdi. Bu bakteriýalar MRSA we VRE görnüşindäki ýokançly keselleriň döremegine sebäp bolýarlar we häzirki wagtda köpsanly antibiotiklere garşy durnuklydyrlar.
Has-da gyzyklysy, alymlar täze birleşmä garşy Enterococcus bakteriýalarynyň durnuklylygyny (rezistentligini) ýüze çykarmadylar — hatda olar adaty ýagdaýda iň soňky goraýjy antibiotik bolan wancomisine garşy garşylyk döretmäge ukyply boldy.
Ylmy toparyň pikiriçe, predmetilenomisin C laktonyň tapylmagy antibiotikleriň täze görnüşlerini tapmakda täze ýol açýar — ýagny öňden belli biotehnologik (biosintez) ýolundaky aralyk birleşmeleri öwrenmek arkaly. Şeýle maddalar has güýçli antibakterial täsir edip, durnuklylygyň emele gelmegine hem az mümkinçilik berýär.
Indi alymlar täze antibiotigiň dokliniki synaglaryna girişmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem Monash uniwersitetiniň topary bu birleşmäni köp möçberde sintezlemegiň we onuň mehanizmini öwrenmegiň täze usulyny hem işläp düzdiler.
