Alymlar rak keselinden ölümiň mümkin bolan esasy sebäbini açdylar
Tehas ştatynyň Günorta-Günbatar lukmançylyk merkeziniň alymlary rak keselinden ölümiň esasy sebäbiniň diňe metastaz (rak öýjükleriniň beýleki agzalara ýaýramagy) däl-de, eýsem rak öýjükleriniň uly gan damarlaryna aralaşmagy bolup biljekdigini anykladylar. Bu baradaky ylmy makala Nature Medicine žurnalynda çap edildi.
Gözlegde 100-den gowrak rak keselli hassanyň ýagdaýy, şeýle hem soňky döwrüni keselhanada geçiren 31 hassanyň ýagdaýy seljerildi. Netijelerde köp adamda rak öýjükleriniň aşaky boş wenanyň, gapy wenasynyň, bagyr wenalarynyň we garnyň aortasynyň içine ösüp girendigi ýüze çykaryldy. Ölümden öňki hepdelerde bu hassalaryň ganynda öýjükleriň sanynyň düýpli ýokarlanýandygy hem anyklanyldy.
Alymlar ýörite usul bilen gan damarlarynyň gurluşyny bozmadan barlag geçirdiler we olaryň näsazlyga uçran ýerlerini anykladylar. Şu ýagdaýlar rak öýjükleriniň gan trombynyň emele gelmegini döretmek bilen organlaryň işlemegini bozup, ölüm howpuny artdyrýandygyny görkezýär.
Bu tapyndy Germaniýadan 1200-den gowrak rakly hassanyň KT (kompýuter tomografiýasy) maglumatlary bilen hem tassyklandy. Bu bolsa rak keselinden ölümi diňe metastaz bilen düşündirmek pikirine sorag döredýär.
Alymlaryň bellemegine görä, rak keseliniň bejergisinde, esasanam uly gan damarlarynyň golaýynda ýerleşýän raklara aýratyn üns bermeli. Şeýle ýerlerde hirurgiki ýa-da şöhle bejergisi arkaly girizilýän täsir, keselçiligi azaltmaga we ýaşaýyş dowamlylygyny ýokarlandyrmaga kömek edip biler.
