Mask: Howa gurşawyny emeli ugurdan dolandyrmak meýilnamasy barada gürrüň berdi
SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask, sosial platforma X arkaly adamzady klimat betbagtçylygyndan halas etmegiň öz meýilnamasyny tanyşdyrdy.
Mask şeýle ýazdy:
«Emeli aň bilen dolandyrylýan, günüň energiýasy bilen işleýän uly orbital emeli hemralar ulgamy, ýere ýetýän gün şöhleleriniň mukdaryny ownuk düzedişler bilen üýtgedip, global gyzmagy öňüni alyp biler».
Häzirki wagtda SpaceX kompaniýasynyň eýeçiliginde takmynan 9000 sany Starlink emeli hemrasy bar. Olar häzirlikçe günüň şöhlelerini beklemeýär. Beklemek astronomlaryň älemiň uzak böleklerini synlamagyna päsgel berýärler.
Bir ulanyjy Maskdan:
«Bu hemralar, Ýeriň ýüzüne düşýän günüň energiýasynyň mukdaryny takyk sazlap bilerlermi, klimaty durnuksyzlaşdyrmazdan (şeýle güýçli global ulgamyň üstünden gözegçilik dawasyny bir ýana goýup)?»
— diýip soranda, Mask gysgaça: «Hawa» diýip jogap berdi.
Ol şeýle hem belledi:
«Global gyzmagy ýa-da, tersine, global sowamagy öňüni almak üçin diňe ownuk düzediş işler gerek bolar».
Günüň şöhlelerini beklemek, klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek ideýasy — ýagny “gün geoinženeriýasy” diýip atlandyrylýan pikir — ylmy jemgyýetde köp jedel döredýär. Köp alymlar munuň teoretiki taýdan mümkin, emma beýik derejede howply diýip hasaplaýarlar.
Planetanyň klimaty örän çylşyrymly we köpugurly ulgam bolup, Günüň ýagtylygyny islendik görnüşde beklemek ýa-da üýtgetmek garaşylmadyk nädogry täsirleriň ýüze çykmagyna getirip biler.
