Arkadag we Fizuły şäherleri doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdylar
Türkmenistanyň Arkadag şäheri bilen Azerbaýjanyň Fizuły şäheri doganlyk şäherler boldy. Munuň tassyklanan protokoly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli üç taraplaýyn duşuşygyndan soňky resminamalaryň gol çekilişi dabarasynda bagyşlandy, diýip TDH habar berýär.

Dabara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýewiň gatnaşmagynda geçirildi.
Doganlyk protokolyndan başga-da, ulag, howa ýolary we söwda ugurlarynda ylalaşyklary gol goýldy. Hususan-da, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Azerbaýjanyň Sanly ösüş we ulag ministrligi arasyndaky halkara howa gatnawlaryny ösdürmek barada düşünişmek memorandumy baglaşyldy. Şeýle hem Özbegistanyň gatnaşmagynda deňiz gurluşygy, ilatyň howa gatnawy we ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça resminamalar gol goýuldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi — Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.
Üç ýurduň ýolbaşçylary — Gurbanguly Berdimuhamedow, Ilham Aliýew we Şawkat Mirziýew — duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanat kabul edip, üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň sebitiň hem-de dünýäniň howpsuzlygy, durnuklylygy, ynamy we özara düşünişmegi berkitmäge uly goşant goşjakdygyny nygtadylar.