Barlag: Nar ekstrakty "ýaşlyk gormony" IGF-1-iň derejesini ýokarlandyrýar

Ýakynda Angliýanyň Mançester şäherindäki şäher uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen ylmy-barlagda, nar (granat) ekstraktynyň garry ýaşly adamlarda "ýaşlyk gormony" hökmünde tanalýan IGF-1 derejesini ýokarlandyrýandygy anyklandy. Barlagyň netijeleri abraýly "Nutrients" ylmy žurnalynda çap edildi.

Sen 18, 2025 - 08:47
Barlag: Nar ekstrakty "ýaşlyk gormony" IGF-1-iň derejesini ýokarlandyrýar

12 hepdelik kliniki synagda 55-70 ýaş aralygyndaky 72 adam gatnaşdy. Olaryň iki topara bölünip, birine her gün 740 mg nar ekstraktyny öz içine alýan kapsulalar, beýlekisine bolsa täsir etmeýän (placebo) kapsulalar berildi.

Barlagyň ahyrynda, nar ekstrakty kabul eden toparyň IGF-1 derejesinde statistiki taýdan möhüm ösüş gazanyldy. IGF-1 (insulin ýaly ösüş faktory-1) – bedeniň öýjüklerini täzeläp durmak, myşsa we süňkleriň berkligini saklamak, beýniň we gan damarlaryň işini goldamak ýaly möhüm biologiki funksiýalara gatnaşýan gormon bolup durýar. Bu gormonyň derejesi ýaş ulgaldygyça peselýär, bu hem güýçsüzlik, pes energiýa we dürli keselleriň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydyr.

Barlag şonuň ýaly-da, nar ekstraktynyň telomer uzynlygyna täsir etmändigini görkezdi. Telomerler – hromosomalaryň ujundaky "gorag şapkasy" hökmünde tanalýan, öýjükleriň garramagynyň bir görkezijisi hasaplanýan DNK bölekleridir. Olaryň uzynlygy öýjügiň näderejede "ýaş" ýa-da "garran" bolandygyny görkezýär.

Alymlar nar ekstraktynyň peýdaly täsirlerini anyklaşdyrmak üçin has uzak möhletli we giňişleýin barlaglaryň zerurdygyny belleýärler. Şeýle hem, bu maddanyň uzak möhletleýin ulanmagynyň mümkindir töwekgelçiliklerini ýok etmek üçin goşmaça synaglar geçirilmelidir.