Beşir galasy – geçmişiň dilsiz şaýady

Okt 23, 2025 - 09:42
Beşir galasy – geçmişiň dilsiz şaýady

Amyderýanyň boýunda ýerleşýän gadymy galalaryň biri hem Beşir galasydyr. Ol häzirki wagtda Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýär.

Arheologlaryň barlaglaryna görä, Beşir galasy dörän döwründe uly hem-de berk gurluşly desga bolupdyr. Onuň uzynlygy 240 metr, ini 220 metr, iň beýik nokady bolsa 12 metre çenli ýetýär. Tutýan meýdany 5 gektardan hem artykdyr.

Ýerli ilat galany «Köne gala» diýip hem atlandyrýar. Käbir ýazuw çeşmelerinde onuň öňki döwürlerde «Şähri-Haýbar» diýlip atlandyrylandygy barada maglumat bar. Şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň «Tapylmaz» atly goşgusynda hem «Kesip Hoja Jeňbaz, galasy Haýbary birle...» diýen setirler bar. Bu setirler häzirki Hojambaz etrabyndaky galanyň şol gadymy «Haýbar» galasy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

«Haýbar» sözi pars dilinde “batyr”, “ýürekli”, “beýik” diýen manylary berýär. Alymlar galanyň adynyň hem şol manydan gelip çykandygyny belleýärler.

Galanyň gurluşy aýratyn üns berilmäge mynasyp: onuň merkezi bölegi iň möhüm ýer bolup, erkin ýerleşdirilipdir. Emma häzirki wagtda binalaryň we goranyş diwarlarynyň diňe yzlary saklanyp galypdyr.

Beşir galasy gadym döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşipdir. Şonuň üçin ol ýer söwda, goranyş we medeni alyş-çalyş üçin möhüm merkez bolupdyr.

Bu gadymy ýadygärlik barada dürli ýyllarda A. A. Maruşenko, A. A. Roslyakow, W. N. Pilipko, T. Hojanyýazow ýaly alymlar tarapyndan ylmy barlaglar geçirilipdir. Olaryň netijesine görä, galanyň Beşir galasy biziň eýýamymyzyň birinji asyrlarynda harby goranyş maksady bilen gurlup, XII asyra çenli ýaşap geleni anyklanypdyr.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy desgalary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şol çäkde, Beşir galasy hem 1995-nji ýylyň iýul aýynda «Kerki taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň» hasabyna alynyp, döwlet goragyna geçirilipdir.

Bu gadymy desga ýaşlarda watançylyk ruhuny terbiýelemekde hem-de halkymyzyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Beşir galasynda ylmy-barlag işleri yzygiderli dowam etdirilýär.