Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurtlara temmäki, alkogol we şekerli içgileriň bahasyny 50 göterim ýokarlandyrmagy maslahat berýär

Iýul 8, 2025 - 16:11
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýurtlara temmäki, alkogol we şekerli içgileriň bahasyny 50 göterim ýokarlandyrmagy maslahat berýär
BMG ýurtlary temmäki, alkogol we gazlandyrylan içgileriň bahasyny 50% ýokarlandyrmaga çagyrdy. Surat: celsopupo, iStock

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BMG) ýurtlary temmäki we alkogolly önümleriň, şeýle hem şekeri öz içine alýan içgileriň bahasyny 2035-nji ýyla çenli azyndan 50 göterim ýokarlandyrmaga çagyryp çykyş etdi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Inisiatiwanyň maksady – dowamly (hroniki) keselleriň ýüze çykma ähtimallygyny azaltmak we döwlet býujetine goşmaça girdeji çekmek bolup durýar. Bu başlangyç “3 –den 35” ady bilen tanalýar. BMG-niň bellemegine görä, bu çäreler ýokanç däl keseller (ÝDK) bilen göreşýän saglygy goraýyş ulgamlarynyň serişdelerini dolandyrmaga hem mümkinçilik berer.

Bellenilmegine görä, dünýäde ÝDK epidemiýasynyň giň ýaýramagy – temmäkiniň, alkogolyň we gazlandyrylan şekerli içgileriň köp sarp edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu keselleriň arasynda ýürek-damar, onkologiýa (rak) keselleri we süýji kesel ýaly ýagdaýlar bar bolup, olar dünýäde ýüze çykýan ölümleriň 75 göteriminden gowragyna sebäp bolýar.

Ýakynda çap edilen hasabatda aýdylyşyna görä, şeýle önümleriň bahasynyň bir gezek 50 göterim ýokarlandyrylmagy, indiki 50 ýylda 50 million adamyň ir wagtynda aradan çykmagynyň öňüni alyp bilerdi.

“Saglygy goraýyş maksatly salgytlar – biziň elýeterli iň täsirli gurallarymyzyň biridir. Olar zyýanly önümleriň sarp edilişini azaltmaga we döwlet üçin goşmaça girdeji gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu girdejiler bolsa saglygy goraýyş, bilim we jemgyýetçilik gorag ulgamlaryna täzeden maýa hökmünde goýlup bilner. Indi hereket etmeli wagt geldi” diýip, BMG-niň ilatyň saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça baş direktorynyň kömekçisi Jerem Farrar aýtdy.