Alymlar böwregiň işine zeper ýetirýän seýrek mutasiýany ýüze çykardylar
Science Immunology (Scim): RIG-I reseptoryndaky mutasiýa immunitet ulgamyny böwrege hüjüm edýän ýagdaýda üýtgedýär
Bonn uniwersitetiniň alymlary, immun ulgamynyň möhüm bölegi bolan RIG-I reseptoryndaky mutasiýanyň, bedeniň goranyş ulgamyny özüne garşy öwürýändigini we böwrekleriň zeperlenmegi ýaly agyr awtoimmun alamatlary döredýändigini anykladylar. Barlagyň netijeleri Science Immunology (Scim) žurnalynda çap edildi.
RIG-I — bedeniň tebigy (dogabitdi) immun ulgamynyň esasy bölegi bolup, ol wiruslaryň RNK-syny tanap, antiwirus goranyşyny işjeňleşdirýär. Alymlar anyklaýyşlary ýaly, RIG-I E373A atly mutasiýa bu reseptory aşa duýgur edýär — netijede ol adamyň öz öýjük RNK-syny wirus diýip, nädogry tanap başlaýar.
Şeýle mutasiýasy bolan syçanlarda öz-özünden ýüze çykýan wolçanka görnüşli nefrit (böwrekleriň agyr suwuklama ýagdaýy) emele geldi. Klasiki wolçankadan tapawutlylykda, bu ýagdaý göni RIG-I-niň kadadan çykma arkaly işjeňleşmeginden döräpdi.
Alymlar şeýle hem: böwrekde köp mukdarda öndürilýän gysga Y-RNK ýagdaýy “ýalan howsala (ложная тревога)” hökmünde hereket edýär — ol mutasiýaly reseptor bilen birleşip, suwuklama ýagdaýyny döredýärndigini anykladylar.
RIG-I-niň nädogry işjeňleşmegi netijesinde organizmde interferonlar we hemokinler bölünip çykýar, olar bolsa immun öýjüklerini çagyryp, dokumalaryň zeperlenmesini güýçlendirýär. Emma alymlar CCR2 signal ýoluny (monositleri çagyryjy ulgam) blokirlemegiň syçanlarda ýanma ýagdaýyny ep-esli azalýandygyny anykladylar — bu bolsa geljekde bejergi üçin mümkinçilik döredýär.
RIG-I genindäki mutasiýalar seýrek duş gelýän irsi keseller bilen baglanyşyklydyr — meselem, Singlton–Merten sindromy we sistemali gyzyl wolçanka bilen. Bu täze netijeler, immun ulgamyndaky şeýle üýtgeşmeleriň nädip anyk organlara zeper ýetirýändigini düşünmäge kömek edýär we mutasiýaly RIG-I reseptoryny ýa-da onuň bilen arabaglanyşykly Y-RNK-lary nyşana alýan täze bejergi usullarynyň işlenip düzülmegi üçin esas bolup biler.
