Ýapon alymlary dişi täzeden ösdürip bilýän derman taýýarladylar
Ýapon alymlary adamda täze dişleriň ösmegine mümkinçilik berýän innowasion derman serişdesini üstünlikli synagdan geçirýärler. Bu uly ylmy ädim adamlaryň öz tebigy dişleriniň ornuny dikelmegine ýol açýar we geljekde diş protezleriniň hem-de implantlaryň ornuny tutup biler.

Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, adam desleriniň aşagynda “uklap ýatan” diş tohumlary bardyr. Täze taýýarlanan derman şol tohumlary herekete getirip, olaryň ösmegini höweslendirýär. Netijede adam bedeninde täze, tebigy diş ösdürilip bilner.
Taslamanyň ýolbaşçysy, meşhur ýapon hirurgy Kaçu Takahaşi bu barada şeýle diýýär:
“Täze dişiň agyz boşlugynda haýsy ýerde ösjekdigine derman sanjymynyň edilýän ýerine görä gözegçilik etmek mümkin. Eger diş nädogry ýerde össe, ortodontiýa (diş dogradyş) ýa-da transplantasiýa arkaly dogry ýere geçirip bolýar.”
Takahaşi bu tehnologiýanyň diş saglygyny dikeltmekde täze döwrüň başlanandygyny belleýär. Onuň pikiriçe, bu usul adamlar üçin has tebigy, uzak ömürli we sagdyn çözgüt bolar.
Bu ugurda beýleki ýurtlaryň hem ylmy toparlary — şol sanda Londondaky Marýa Patyşanyň Uniwersitetiniň stomatologlary — iş alyp barsalar-da, hünärmenleriň bellemegine görä, ýapon topary häzirki wagtda bu ugurda öňdeligi eýeleýär.
Derman serişdesiniň giňden elýeterli bolmagy 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, indiki ýyllarda diş dikeldişde tebigy usullar arkaly täze döwür başlap biler.